Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Timoşenko kanuny tassyklanmady


Oppozisiýadaky deputatlar parlamentde bolan ses berişlikden soň "Utanç!" diýip gygyrýarlar. Kiýew, 21-nji noýabr, 2013.

Oppozisiýadaky deputatlar parlamentde bolan ses berişlikden soň "Utanç!" diýip gygyrýarlar. Kiýew, 21-nji noýabr, 2013.

Ukrainanyň parlamenti tussag edilen ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň daşary ýurda gidip, saglygyna seretdirmegine ýol açjak kanun taslamasyny geçirmedi.

Bu kanun taslamasynyň kabul edilmezligi Ýewropa Bileleşigi bilen baglaşylmaly esasy assosasiýa we azat söwda ylalaşygyna gol çekiljegini şübhe astyna salýar.

Ýewropa Bileleşigi geljek hepde Wilnýusda geçjek sammitde Ukraina bilen şeýle ylalaşyga gol çekilmegine Kiýewiň sud we demokratik reformalary geçirmek baradaky talaby ýerine ýetirmegini şert edip goýupdy. Bu şert Timoşenkonyň boşadylmagyna ýol açýan kanun taslamasynyň kabul edilmegini hem öz içine alýar.

Brýussel onuň eýelän wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin türmä basylmagyna «seçiji adalat» hökmünde garaýar.

Ukrainanyň Werhowna Radasy penşenbe güni Timoşenko ýaly tussaglykda oturan adamlaryň daşary ýurtlarda saglyk bejergisini almak mümkinçiligini öňe sürýän ýedi kanun taslamasynyň ählisini ret etdi.

Olaryň kabul edilmezligine Regionlar partiýasynyň, ýagny dolandyryjy partiýanyň parlamentdäki agzalarynyň bu taslamalaryň hiç birine ses bermezligi sebäp boldy.

"Utanç!"

Taslamalar ret edilenden soň, oppozisiýadaky kanunçykaryjylar «Utanç, utanç» diýip gygyryşdylar.

Parlament Timoşenkonyň Germaniýa gidip, saglygyny bejertmegine ygtyýar berjek kanunyň kabul edilmegine razylyk almak üçin hepdeläp tagalla etdi.
Ukrain we ÝB baýdaklary, parlament sessiýasyndan öň. Kiýew, 21-nji noýabr, 2013.

Ukrain we ÝB baýdaklary, parlament sessiýasyndan öň. Kiýew, 21-nji noýabr, 2013.


Penşenbe güni bolan ses berişlikden soň, oppozisiýa lideri Arseniý Ýatsenýuk parlamentde çykyş edip, prezident Wiktor Ýanukowiçi Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine tarap ýoluny beklemekde aýyplady:

"Prezident [Wiktor] Ýanukowiç Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine tarap süýşmeginiň öňüni almakda şahsy jogapkärçilik çekýär, sebäbi Ýanukowiç bu kanuna ses bermek islemdi we onuň partiýasy ses bermedi. Jenap spiker, men size resmi ýagdaýda prezidentiň Ýuliýa Timoşenkonyň günäsini geçmek baradaky buýrugynyň taslamasyny gowşurýaryn. Goý, ol bu karara gol çeksin we öz syýasy garşydaşynyň azatlyga çykmagyndan gorkmasyn. Ukraina şöhrat!"

Ýanukowiç parlament tarapyndan tassyk edilen islendik kanuna gol çekjegini aýtdy, emma oppozisiýanyň Timoşenkonyň günäsini geçmek baradaky çagyryşyndan ýüz öwürdi.

Sammite bir hepde wagt bar

Ýanukowiç penşenbe güni Awstriýa resmi sapar edýär.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Brýusseldäki habarçysy Ýewropa Bileleşiginiň bir sözçüsiniň ýazgydan daşary «parlament sessiýasy entek tamamlanmady we Wilnýus sammitine ýene bir hepde wagt bar» diýendigini aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar partnerlugy sammiti Litwanyň paýtagtynda, 28-29-njy noýabrda geçirilmeli.

Orsýet Ukraninanyň Ýewropa Bileleşigine integrasiýa planlaryna garşy durýar we muňa derek Kiýewi Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky söwda bileleşigine goşulmaga çagyrýar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ÝB-ni, azat söwda şertnamasyna gol çekmek üçin, Ukraina «bagyşlap bolmajak» basyş etmekde günäledi.
XS
SM
MD
LG