Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ýadro gepleşikleri dowam edýär


Dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň we Eýranyň gatnaşmagynda Tähranyň ýadro programmasy boýunça halkara gepleşikleri ikinji gününe başlady.

Gürrüňi edilýän iki tarap çarşenbe güni Ženewada gepleşikleriň täze tapgyryna başlapdylar. Ýöne bu meselede öňe gidişligiň gazanylandygy barada henize çenli maglumat berilmeýär.

Ženewada geçirilýän gepleşikleriň esasy maksady Eýranyň ýadro programmasy boýunça alyp barýan işleriniň ýarym ýyllyk togtadylmagyny gazanmak. Munuň netijesinde Günbatar Eýrana garşy girizen käbir sanksiýalaryny gowşatmagy wada berýär.

Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro ýaraglaryny özleşdirýändiginden howatyr edýär. Eýran bolsa özüniň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG