Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Loýa Jirgadan goldaw soraýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Kabulda geçirilýän Loýa Jirga geňeşine gatnaşýan müňlerçe owganystanla Birleşen Ştatlar bilen Owganystanyň arasynda baglaşyljak esasy howpsuzlyk paktyny goldamaga çagyrdy.

Penşenbe güni başlanan geňeşde Owganystanda gulluk edýän amerikan esgerlerini sud etmek boýunça Waşingtona aýratyn hukuk berýän kanun taslamasynyň teksti ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şeýle-de bu kanun taslamasyna görä, Birleşen Ştatlaryň güýçleri owgan raýatlaryny nyşana alyp bilmeýärler we amerikan esgerleri owganystanlylaryň öýlerine diňe adatdan daşary ýagdaýlarda girip bilerler.

Karzaý Kabul bilen Waşingtonyň arasyndaky ynamyň gaty pesdigini hem tassyklady. Ol “Men olara we olar-da maňa ynananok” diýdi.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Owganystanda öldürilen asuda raýatlar üçin Waşingtonyň Kabuldan ötünç soramak mümkinçiligi baradaky meseläni Karzaý bilen hiç haçan ara alyp maslahatlaşmandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG