Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamada 25 adam öldi


Bagdadyň demirgazyk-gündogaryndaky bazarda ulagly bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan 25 adam öldi we 40 töweregi hem ýaralandy.

Bu bomba partlamasy Yragyň paýtagtyndan 65 kilometr uzakda ýerleşýän durnuksyz Diýala welaýatynyň Sadiýah şäherinde bolup geçdi.

Şu ýylyň aprel aýynda Yragyň demirgazygyndaky sünnileriň protest geçirýän lagerine gazaply howpsuzlyk reýdleri geçirileni bäri, ýurtda ýowuzlyklar barha möwjeýär. Ýurtda diňe oktýabr aýynda takmynan 1 müň adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG