Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaýy mezhebini wagyz eden özbek tutuldy


Özbek-eýran dostluk jemgyýetiniň Samarkantdaky bölüminiň başlygy şaýy mezhbebine degişli maglumatlary ýaýratmakda aýyplandy.

Özbegistanyň habar beriş serişdeleriniň penşenbe güni beren maglumatynda Rawşan Gulýamow “bikanun maksatly alyp baran işleri” üçin bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýar.

Ýurduň derňewçileri Gulýamowa Eýranyň ilçihanasyndan şaýy mezhebi bilen bagly kitaplaryň yzygiderli gelip gowuşýandygyny we ony Samarkant we Jizzak regionlaryndaky metjitlere paýlaýandygyny belläp geçdiler.

Özbegistanyň dini meseleler baradaky komitetiniň ekspertleriniň sözlerine görä, Gulýamowdan we onuň goldawçylaryndan ele salnan dokumentleriň arasynda “sünni musulmanlaryny kemsitýän ýazgylar” hem bar.

Özbegistanyň 30 million ilatynyň 90 göterimden gowragy sünni musulmanlarydyr.
XS
SM
MD
LG