Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hoz rak keselini azaldýar


Iýmitlenmek ugrunda iş alyp barýan alymlarynyň saglyk baradaky täze barlaglaryna görä, hozy köp iýýän adamlaryň ýürek ýa-da rak keselinden ölmek howpy pes bolýar.

Bu maglumat Garward uniwersiteti tarapyndan 30 ýylyň dowamynda geçirlen barlaglaryň netijesinde çarşenbe güni çap edildi. Bu derňewlerde 119 müň erkege we aýala syn edilendigi aýdylýar.

Maglumata görä, bu derňewleriň geçirlen döwri her gün hoz iýýän adamlaryň gürrüňi edilýän keselden ýogalmak howpy iýmeýänlerden 20 göterim pes bolupdyr.

Hoz iýýänlerde ýürek keselinden ýogalmak howpunyň 29 göterim we rak keselinden ýogalmak howpunyň bolsa 11 göterim azalandygy aýdylýar.

Bu maglumat “New England Journal of Medicine” žurnalynda çap edildi.
XS
SM
MD
LG