Sepleriň elýeterliligi

Ylalaşygyň ykbaly Loýa Jirgada kesgitlener


Loýa Jirganyň agzalary Kabulda maslahata gatnaşýar. 21-nji noýabr, 2013.

Loýa Jirganyň agzalary Kabulda maslahata gatnaşýar. 21-nji noýabr, 2013.

Owganystanyň taýpa baştutanlary we syýasy liderleri bu hepde Kabulda däbe öwrülen Loýa Jirga geňeşinde duşuşarlar. Olar maslahatyň dowamynda Birleşen Ştatlar bilen Owganystanyň uzak möhletleýin howpsuzlyk ylalaşygyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Owganystanyň taýpa baştutanlarynyň we syýasy liderleriniň geçirjek geňeşi Kabuldyr Waşingtonyň ikisi üçin hem ähmiýetli bolup, geňeşde ikitaraplaýyn howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň geljegi barada strategiki ähmiýetli kararlar alnar.

Loýa Jirga geňeşinde alynjak kararlar, netijesiniň nähili boljakdygyna garamazdan, prosese kanuny jähtden goşant goşar. Eger-de geçiriljek maslahat 2014-nji ýyldan soň Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň Owganystanda galmagynyň öňünde ýaşyl çyra ýaksa, onda Kabul bilen Waşingtonyň ikisi hem alnan kararyň tutuş milletiň islegini görkezýändigini aýdyp, çykyş ederler. Eger-de geňeş agzalýan meseläni goldamasa, onda şeýle netije howpsuzlyk meseleleri boýunça ylalaşyk gazanmak isleýän taraplaryň owgan halkynyň erk-islegine garşy gidýändigini görkezer.

Uzak möhletleýin howpsuzlyk meseleleriniň çözgüdiniň gözleginde Waşington bilen Kabulyň arasynda birnäçe aýlap oda-köze düşen prezident Hamit Karzaý ahyrsoňy bu ugurdan esasy karary Loýa Jirgada maslahata goýmagy teklip etdi. Aslynda Loýa Jirga geňeşiniň alýan kararlary kanun taýdan maksadalaýyk bolsa-da, geňeşde alnan kararlar barybir owgan parlamentinden hem geçmeli bolar. Ýöne parlamentiň kanun çykaryjylary maslahatyň beren kararyny alga almak bilen, halkyň isleginiň nämedigini anyklarlar. Galyberse-de, geňeşe gatnaşýan 2500-den hem köp adam hökümet tarapyndan ýörite saýlanan adamlar bolany üçin, Karzaý bu geňeşi öz matlabyna ýetmek üçin ulanyp biler.

Eger Karzaý hakykatdan hem Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň 2014-nji ýyldan soň Owganystanda alnyp galynmagyna gyzyklanma bildirip, bu ugurda hereket edýän bolsa, onda, mysal üçin, Loýa Jirga geňeşi prezidentiň bu islegini halka kabul etidirip, halky yryp biler.

Kabuldaky garaşsyz barlag guramasy bolan “Owganystanyň analizçiler birleşiginiň” müdiri Tomas Rattigiň aýtmagyna görä, Karzaýa diňe ylalaşyk gerek, hatda halkyň ylalaşýan ýaly bolup görünmegi hem jedelli howpsuzlyk şertnamasyny ratifisirlemek üçin ýeterlik bolar.

'Halkyň sesi'

Ol şeýle diýýär: “Loýa Jirga geňeşi owganlaryň arasynda ‘halkyň sesi’ diýlip hasaplanýar. Elbetde, eger-de prezident Hamit Karzaý Birleşen Ştatlar bilen howpsuzlyk meseleleri boýunça ylalaşmak isleýän bolsa, onda oňa halkyň goldawy gerek. Biz soňky döwürde bu meselä köp adamyň garşy çykýandygyna şaýat bolduk.”

21-nji noýabrda öz işine başlajak Loýa Jirga geňeşinde ýurduň dürli künjeginden oňa gatnaşyjylar Birleşen Ştatlar bilen Owganystanyň arasyndaky “Ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygynyň”, şeýle hem degişlilikdäki “Güýçleriň statusy boýunça ylalaşygyň” şertlerini maslahatlaşarlar. Eger-de gürrüňi edilýän ylalaşykdyr şertnamalar owgan halky tarapyndan kabul edilse, onda Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri Owganystandaky missiýasyny ýene-de 10 ýyllap dowam etdirerler.

Maslahatyň barşynda gürrüňi ediljek meselerleriň köpüsi eýýäm köplere mälim. 19-njy noýabrda çykan habarlara görä, Hamit Karzaýyň Birleşen Ştatlaryň esgerleriniň Owganystanda öýlere we metjitlere reýd geçirmeklerine garşydygyny aýdyp çykyş etmegine garaşylýar. Onsuzam Barak Obama harbylaryň bu hereketiniň 12 ýylyň dowamynda edilen iň uly ýalňyşlyklaryň biridigini boýun alan bolsa, diýmek, Karzaý bu meselede çykyş edip biler.

Ynha, reýdler baradaky şu mesele Owgan tarapynyň ozalky teklibi bilen ýerini çalşan bolmaly. Ozalky edilen teklibe görä, Kabul Waşingtonyň amerikan harbylaryna bir şert bilen ‘tarhanlyk hukugyny’ bermekde ylalaşmagy göz öňünde tutýardy, ýagny Birleşen Ştatlar ähli geçiriljek reýdleri owgan howpsuzlyk güýçleriniň amala aşyrmagyna rugsat bermelidi.

Waşington beýle ýagdaýda ylalaşyga meýliniň ýokdugyny aýdyp, eger-de öz talaby we şertleri kabul edilmese, onda ýurtdan ähli harbylaryny çykarmagynyň ahmaldygyny nygtady.

Owganlaryň talaby

Şol bir wagtyň özünde owganlar hem Waşingtonyň berk talaplaryny ýazgarýarlar we geçen iki hepdäniň dowamynda ýüzlerçe adam köçä çykyp, Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň owgan topragynda galmagyna mümkinçilik döretjek islendik ylalaşyga garşy çykýandyklaryny mälim edip, protest geçirdiler.

Amerikan esgerleriniň gatnaşmagyndaky käbir wakalar halkyň bu meseledäki nägileligini has hem tutaşdyrdy. Olar 2012-nji ýylda Owganystandaky bir amerikan harby birikmesinde Gurhanyň ýüzlerçe nusgasyny ýakypdylar. Günorta Owganystanda bir amerikan esgeri, guduzlan ýaly, daş-töweregini oka tutup, köpüsi aýallardan we çagalardan ybarat 16 owganystanlyny öldüripdi. Türmelerde amerikan harbylarynyň owgan tussaglaryna edýän jebir-sütemi we bu barada ýaýradylan suratlar, galyberse-de Birleşen Ştatlaryň howadan graždan ilata hüjüm etmeginde köp adamyň ölmegi Owganystanda halkyň arasynda ýiti gahar-gazap we nägilelik döretdi.

Eger-de Birleşen Ştatlar hem owgan halkyny köşeşdirip, olary ýumşatmak islese, onda olara-da Loýa Jirga kömek edip biler. Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri, kagyz ýüzünde ‘owgan halkynyň sesi’ diýlip kesgitlenýän Loýa Jirga geňeşiniň kömegi bilen Owganystanda galyp biler.

Rattigiň aýtmagyna görä, Loýa Jirga geňeşiniň aljak kararyny aprelde täze saýlanjak dolandyryjy häkimiýet üýtgedip bilmez: "Owgan Konstitusiýasyna laýyklykda Loýa Jirga geňeşi halkyň adyndan çykyş edýän iň ýokary edaradyr. Şonuň üçin hem indiki düzüljek parlament agzalaryna, hatda häzirki parlamentde-de geňeşiň alan kararlaryny ret etmek kyn düşýär.”

Iki tarapyň syýasy matlaplary

Meselä beýleki bir tarapdan çemeleşenimizde, Birleşen Ştatlar bilen Owganystanyň ikisi hem, eger-de Loýa Jirga geňeşinden garaşylýan karar çykmasa, özleriniň syýasy matlaplaryna laýyklykda ýagdaýdan peýdalanarlar.

Jorj Meýson uniwersitetiniň “Konflikt boýunça analiz we çözgütler” fakultetiniň mugallymy Maýkl Şank Karzaýyň jedelli mesele boýunça bir karara gelmegi Loýa Jirga geňeşiniň üstüne atmak bilen örän akylly hereket edendigini aýtdy

“Karzaý, ‘goý, Loýa Jirga karar bersin’ diýmek bilen, örän akylly hereket etdi, sebäbi şeýle bolanda, ýagdaýa diňe özi jogapkär bolman, beýlekileriň üstüne-de jogapkärçilik düşýär.”

Şankyň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar hem Loýa Jirgadan oňyn netije çykmasa, olar muny bahanalap, öz bähbitlerini gorap, Owganystandan çykyp gidip bilerler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda amerikanlaryň arasynda owgan urşuna ‘maddy ýitgi’ hökmünde garalýar we köp sanly amerikaly bu söweşi dogry hasaplamaýar.

Şank bu mesele barada öz garaýyşlaryny şeýle beýan etdi: “Birleşen Ştatlar bu meseleden başyny alyp çykar we soňra bolsa amerikan halkyna ýüzlenip, ‘ynha, gördüňizmi, biz Karzaý bilen ylalaşyp işleşmekçi bolduk, ýöne Loýa Jirgada ýerli liderler öz aralarynda ylalaşyp, biziň ol ýerde galmagymyzy ret etdiler. Biz adamlary hiç zada mejbur edip bilmeris, şonuň üçinem biz Owganystany terk etmeli bolduk’ diýerler”.
XS
SM
MD
LG