Sepleriň elýeterliligi

Atabaýew: Türkmenistana aýagym çekmeýär


Türkmenistan SSR-niň birinji ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýewiň ogly Kemine

Türkmenistan SSR-niň birinji ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýewiň ogly Kemine

Gaýgysyz Atabaýewiň, doglan ýeri bolan Mäne obasynda saklanyp galan ýadygärliginden başga, Aşgabadyň merkezinde ýerleşen uly ýadygärligi-de bardy. Emma ol 1990-njy ýyllarda ýok edildi.

Gaýgysyz Atabaýewiň ogly Kemine Atabaýew şondan bäri Türkmenistana barmaýandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosy Moskwada ýaşaýan Kemine Atabaýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan döwletiniň düýbüni tutan ýolbaşçylaryň biri bolan Gaýgysyz Atabaýewiň Mänedäki ýadygärligi onuň ýurduň taryhynda yz galdyran adamdygyny ýatladýan ýeke-täk ýadygärlikdir. Onuňam indi könelişip, gözgyny ýagdaýda ýitip barmagyna siz nähili garaýarsyňyz?

Kemine Atabaýew: Elbetde, öz geçmişiňe hormat goýmaly, ony ýatda saklamaly diýip pikir edýärin. Öz aklyndaky her bir adamda mundan başga pikir bolup hem bilmez. Türkmenistandaky ýagdaýlardan men habarly, ýöne ýurda barmaýaryn. Türkmenistana barmaýanyma azyndan 20 ýyl boldy. Men ol ýurda häzir barjak hem bolmaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistana näme üçin barmaýarsyňyz?

Kemine Atabaýew: Sebäbi men Türkmenistanda kakama nähili garalýandygyny bilýärin. Onuň paýtagtdaky ýadygärligini ýumurdylar. Şonuň üçin men şeýle ýurda barmagyň manysy ýok diýip pikir edýärin.

Ýadygärlik bir wagtlar biziň maşgalamyzyň ýaşan jaýynyň duran ýerinde, 1960-nji ýyllaryň aýagynda dikilipdi. Ol Atabaýew we Podwoýskiý adyndaky köçeleriň kesişýän ýerinde durdy. Oňa garaşyk edilýärdi, tertipde saklanýardy. Soň bolsa Aşgabatda köşkleriň gurlup başlanan döwründe 1990-njy ýyllaryň ortalarynda ony ýumurdylar.

Ýadygärligi [ýykmak üçin] ony başga ýere göçürmek diýen ýaly resmi bahanalar öňe sürlüpdi, soň bola şeýle niýetiň asla bolmandygy belli boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňize görä, geçmişe, taryha degişli zatlaryň ýumrulmagy, ýok edilmegi nämäni aňladýar?

Kemine Atabaýew: Bu sowala şeýle zatlary edýänler jogap bermeli. Olaryň wyždany muňa ýol berýän bolsa, olaryň özleri munuň sebäbini hem düşündirmeli.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýyllarda siziň kakaňyz Gaýgysyz Atabaýewiň şahsyýetine Türkmenistanyň resmileri tarapyndan gyzyklanma boldumy? Türkmenistandan, türkmen ilçihanasyndan size ýüz tutan boldumy?

Kemine Atabaýew: Ýok, soňky 20 ýyla golaý döwürde hiç hili kontakt bolmady. Bir gezek meni türkmen resmileri 27-nji oktýabr baýramçylygyna Garaşsyzlyk gününe çagyrdylar. Men şol döwürde kakama bolan gatnaşygyň üýtgäp barýandygyny bilýärdim, şonuň üçin men “ýok, baryp biljek däl” diýip jogap beripdim. Bu 20 ýyl mundan öň bolan waka. Şonda bäri maňa hiç kim gaýdyp ýüzlenmedi. Men hem ýüzlenmedim. Mende şeýle niýet hem ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG