Sepleriň elýeterliligi

London: 3 gul azat edildi


Britan polisiýasy penşenbe güni 30 ýyllap gulçulykda saklanan hasaplanýan üç aýaly azat etdi.

Bu aýallar Londanda bir jaýda azyndan 30 ýyl gul-gyrnak hökmünde saklanypdyr.

Skotland Ýard polisiýasynyň edarasy pidalaryň biriniň 69 ýaşly malaýziýaly, ikinjisiniň 57 ýaşly irlandiýaly, üçünjisiniň 30 ýaşly britaniýalydygyny aýdýar.

Polisiýa, bu iş bilen bagly, bir aýal bilen bir erkegi Londonyň günortasyndaky jaýynda tussag etdi, olaryň ikisem 67 ýaşynda.

Polisiýa bu işe geçen aý bir sahawatçylyk guramasynyň habaryndan soň goşuldy, bu gurama bir aýal özüniň 30 ýyldan gowrak öz erkiniň garşysyna saklanýandygyny aýdyp jaň edipdir. Polisiýa bu iş boýunça giň derňewe başlady.
XS
SM
MD
LG