Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kennedini ýatlaýar


Germany -- US President John F. Kennedy during his famous speech in front of the Schoeneberg town hall in Berlin, June 26, 1963
Germany -- US President John F. Kennedy during his famous speech in front of the Schoeneberg town hall in Berlin, June 26, 1963
Birleşen Ştatlaryň hökümet binalarynda anna güni amerikan prezidenti Jon F. Kennediniň janyna kast edilip öldürilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli baýdaklar aşak goýberiler.

Prezident Barak Obama Kennediniň hormatyna penşenbe gününi Hatyra güni etmekligi býurdy. Kennedi 1963-nji ýylyň 22-nji noýabrynda, Amerikanyň Dallas şäherinde atylyp öldürildi.

Resmi hökümet komissiýasy Kennedini Li Harwiý Oswaldyň ýekelikde öldürendigini kesgitledi. Emma muňa garamazdan, amerikanlaryň köpüsi prezident bilinmeýän bir dildüwşügiň gurbany bolandyr öýdýär.

Prezident Obama, ozalky amerikan prezidenti Bil Klinton bilen, şu hepdäniň başynda Arliňton milli gonamçylygynda Kennediniň mazaryna zyýarat etdi.

Obama bu ýyl dönüminde Kennediniň döreden Parahatçylyk korpusynyň wekilleri bilen duşuşar.
XS
SM
MD
LG