Sepleriň elýeterliligi

Hytaý söweş dronyny synag etdi


Hytaý özüniň ilkinji görünmeýän söweş dronyny, adamsyz uçaryny synag etdi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat bu synagyň penşenbe güni günorta-gündogardaky Çeňdu şäherinde geçirilendigini aýtdy. «Žianly» ýa-da «Ýiti gylyç» atlandyrylan adamsyz uçar, aýdylmagyna görä, 20 minut çemesi uçupdyr.

Döwlet mediasy bu uçuşy Hytaýyň howa güýçleriniň Günbatar ýurtlarynyň howa güýçleriniň derejesine göterilmek mümkinçiliginiň subutnamasy hökmünde wagyz etdi. Hytaý öz harby tehnikasyny ösdürmäge çalyşýar.

Ol indi goranyşa dünýäde ikinji köp çykdajy edýän ýurda öwrüldi.
XS
SM
MD
LG