Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ şertnamany şu ýyl isleýär


Ak tam Owganystan bilen baglaşylmaly howpsuzlyk şertnamasyna şu ýyl soňlanmanka gol çekilmegini isleýändigini aýtdy.

Ak tamyň sözçüsi Joş Irnest bu şertnamanyň şu ýyl tassyklanylmagynyň islenilýändigini habar berdi.

Ak tamyň sözçüsi ABŞ-nyň planlaşdyryşy üçin operatiw hereket edilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Irnest bu sözleri owgan prezidenti Hamid Karzaý Loýa jirga ýüzlenip eden çykyşynda delegatlara şertnama Owganystanyň indiki prezident saýlawlaryna, indiki ýylyň apreline çenli tassyklanyp bilmez diýenden birnäçe sagat soň aýdyldy.

Irnest owgan hökümetiniň bu şertnama 2014-nji ýyldan öň gol çekmegi we ony tassyklamagy gerek diýdi.

Şeýle-de ol biz entek Owganystanda goşun saklamagy dowam etdirmelimi ýa däl diýen meselede kesgitli pikire gelemzok diýdi.
XS
SM
MD
LG