Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ženewa gepleşikleri uzaýar


Ženewada dünýäniň öňdebarajy döwletleri bilen Eýranyň wekilleriniň arasynda bu ýurduň dawaly ýadro programmasy barada barýan gepleşikler üçünji güne uzady.

Anna günündäki gepleşikler Hassan Rohani iýunda Eýranyň prezidentligine saýlanaly bäri geçirilýän gepleşikleriň üçünji we soňky tapgyry bolar.

Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Orsýet, ABŞ we Germaniýa – 5+1 döwletler topary Eýranyň öz ýadro programmasynyň bir bölegini doňdurmagyny gazanjak bolýarlar.

Muňa derek olar, aýdylmagyna görä, Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalaryny bölekleýin ýatyrmagy teklip edýärler.

Bu toparyň baş gepleşikçisi, ÝEB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton penşenbe güni Eýranyň daşary işler ministri bilen geçirilen gepleşikleriň «örän gowy» bolandygyny, emma iň kyn meseleleriň çözülmeginde anna günündäki gepleşikleriň möhüm boljagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG