Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlarynyň 'marşirowka' tejribeleri


Türkmenabadyň zähmet stadionynda Garaşsyzlyk baýramynda geçiriljek çärelere taýýarlyk görýän ýaşlar. 2013 ý.

Türkmenabadyň zähmet stadionynda Garaşsyzlyk baýramynda geçiriljek çärelere taýýarlyk görýän ýaşlar. 2013 ý.

Türkmenistanda prezidentiň gatnaşmagynda geçirilýän açylyş dabaralaryna gatnaşmaga taýýarlyk görlüşi we şol çärelerdäki tejribeleri barada ýaşlardan soralanda, ýokary bilimini Amerikada dowam etdirýän Kerim atly ildeşimiz şeýle çärelere daşary ýurda okamaga gaýdýança gatnaşandygyny aýdýar.

Şeýle-de çäreler diýlende, ilkinji göz öňüne gelýän zadynyň daňdan sagat 5-de öýden çykyp, giçlik sagat 4-5-e çenli aç-suwsuz köçede durmaklykdygyny belleýär: “[Prezident]bir ýerini açyp, şol ýerde eglenýän bolsa, iň erbedi. Ýöne, açyp, göni gaýdýan bolsa, barýar, açýar we göni gaýdýar. [Desgany, binany we ş.m] açyp, şol ýerde [prezident] ýygnak, konsert geçirip, eglense, şol yzyna gidýänçä, köçede aç-suwsuz durýaň. Çaşýanlar bolýar, şonda-da näme etjek, durmaly bolýaň.”

Türkiýede ýaşaýan beýleki bir ildeşimiz hem daşoguzly Nesibe. Ol gyşyň sowugyna, tomsuň yssysyna garamazdan, şeýle çärelere mekdepde okaýan döwri ençeme gezek gatnaşandygyny aýdýar.

"Ana geldi, mana geldi..."

Nesibe bir gezeginde prezidentiň Daşoguz welaýatyna sapar etmegine görülýän taýýarlyklaryň 3-4 aý öňünden başlandygyny belläp, şeýle gürrüň berdi: “[Prezident] ana geldi, mana geldi... Joralarymyň köpüsi keselledi. Gyşda geljek-geljek diýdiler. [Ýöne] özem gelmedi, onuň ýerine ministr geldi. Galyň geýinmek, kurtka, başyňa ýaglyk daňynmak ýok. Üşäp-üşäp, kesel bolýaň. Okuwlaryň galýar.”

Häzirki wagtda ýokary bilimini Bangladeşde dowam etdirýän Azat bolsa şeýle çäreler diýlende, sapakdan boşadylyp ýa-da daňdan 4-de turzulyp, prezidentiň gatnaşýan açylyşlaryna 4-5 sagat öňünden alnyp gidilişiniň ýadyna düşýändigini aýdýar.

Azat ýaňy-ýakynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy bilen Mara eden saparyny ýatlap, şonda Marydan prezidentleriň barjak ýerine çenli 70 kilometr aralykda janly koridor düzülendigini we adamlaryň üç gün öňünden çölüň içine alnyp gidilendigini belleýär: “Mary welaýaty göni üç gün öňünden doňduryldy. Prezidentiň barjak ýerine çenli okuwçylardan, studentlerden, döwlet işgärlerinden, hatda doktorlardan janly koridor düzüldi. Şol ýaşlar her kim öz durmaly kilometrine üç gün öňünden alnyp gidildi. Şol ýerde üç günläp ýatdylar-turdylar, ýaşadylar”.

Esasy talaplar

Gürrüňi edilýän bu çärelerde ýerine ýetirilmegi talap edilýän esasy zatlar barada soralanda, Nesibe bu çärelere hökman gatnaşmalydygyny we onda aýdylmaly şygarlaryň, geýinmeli egin-eşik düzgüniniň hökman berjaý edilmelidigini aýdýar. Şeýle-de ol okuwçylar bahalarym gowy goýulmaz, okuwy gutardyş şahadatnamama ikilik baha goýlar diýip, hemme kişiniň bu çärelere gatnaşýandygyny aýdýar.

Kerim bolsa şeýle çärelerden diňe ýarawsyz bolsaň, boşadylýandygyny belläp, şeýle diýdi: “Bir wagt hora gatnaýardym. Çärelere taýýarlyk görülýän wagty rugsat bermediler. Menem çaşmadym-da, çaşjak ýaly etdim. “Mugallym erbet bolýan, gözümiň öňi garaňkyraýar, başym aýlanýar” diýdim. Göni äkidip oturtdylar. “Gowulaşýaňmy?” diýdiler. “Ýok, gowulaşamok” diýdim. Ýanyma iki sany mugallym goşup, öýüne äkidip gaýdyň diýdiler.[Şeýdip], öýüme getirip gitdiler.”

Şeýle çärelere döwlet işgärleriniň ýa-da mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň gatnaşdyrylmagyna bolan garaýyşlary barada soralanda, söhbetdeş bolan ýaşlarymyzyň ählisi şeýle çäreleriň asla gerek däldigini aýdýarlar. Olar onuň deregine mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda dünýä standartlaryna gabat gelýän bilimiň berilmelidigini, şeýle-de döwlet işgärleriniň we doktorlaryň hem öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmelidigini belleýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG