Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlar we olaryň problemalary


Okuwy tamamlan ýaşlar

Okuwy tamamlan ýaşlar

Şu aýyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzüminde ýaşlar syýasatynyň bölümi açyldy. Türkmen metbugatynyň berýän maglumatyna görä, bu bölüm ýaşlaryň hukuk, sosial, ykdysady we guramaçylyk şertleriniň üpjün edilişi ýaly meselelere sereder.

Şeýle-de, bu bölüm ýaş nesliň potensialyny güýçlendirmek we ony durmuşa geçirmek, şol sanda döwlet maksatnamasynyň bu ulgamda amala aşyrylyşy ýaly problemalara gözegçilik eder. Bu planyň düzülmeginde ýaşlaryň gatnaşygynyň bolup-bolmandygy hakda hiç hili maglumat berilmedi.

Bu mümkinçiligi size Azatlyk Radiosy berýär.

Ýaşlar, durmuşda, okuwda, ykdysady, sosial we beýleki ulgamlarda nähili problemalaryňyz bar? Esasan nähili meselelere has köp üns berilmegini isleýärsiňiz? Olaryň çözgüdini nämede we nirede görýärsiňiz? Ynha, size öz pikiriňizi aýtmak üçin açyk platforma.

Isleseňiz, öz pikiriňizi nobatdaky ýaşlar gepleşigine gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Nobatdaky gepleşigimizi şu tema bagyşlaýarys. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG