Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Uzaga çekýän erkinlik göreşi


Ukraina, lwowlylar EB integrasiýasyna goldaw bildirýär. 22-nji noýabr, 2013.
Ukraina, lwowlylar EB integrasiýasyna goldaw bildirýär. 22-nji noýabr, 2013.
‘Ukraina Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň hataryna goşulmakdan ýüz öwürýärmi?’ diýen soragyň jogaby entegem nämälimligine galýar. Ýöne ýurduň Günbatara goşulmak üçin haýal-ýagallyk etmegi Ukrainanyň taryhynda mundan bir asyr çemesi wagt ozal bolup geçen aýgytly pursatlary ýada salýar.

Mundan bir asyr çemesi wagt ozal Ukraina Günbatar ýurtlarynyň hataryna goşulmak üçin aýgytly we tutanýerli göreşipdi. Ýöne şol göreşiň soňy Moskwa tabynlyk bilen gutarypdy.

Taryh ýene-de gaýtalanýarmy?

21-nji noýabrda Ukrainanyň parlamenti, ýagny Werhownaýa Rada ýurduň häzirki wagtda tussaglykda saklanýan ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkony tussaglykdan boşatmak barada islenýän netijä gelip bilmedi. Timoşenko bilen baglanyşykly meseläniň çözülmegi ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmagynda örän derwaýys rol oýnaýar.

Kiýewiň öňümizdäki hepde Ýewropa Bileleşiginiň Wilnýusda geçirýän Gündogar hyzmatdaşlygy sammitine gatnaşyp, onda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekmegine päsgel beren parlament ses berişligine oppozisiýadaky kanun çykaryjylar “masgaraçylyk” diýip at berdiler.

Ýewropa Parlamentiniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Elmar Brok parlamentdäki ses berişlik barada çykyş edip, ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ylalaşyga gol çekmäge “taýýar däldigini” ýa-da bolmasa onuň “indi Ýewropa Bilelleşigine goşulmaga isleginiň ýokdugyny” aýtdy.

“Çykmadyk janda umyt bar” diýipdirler, ýöne meniň bu ýagdaýa subutnamalara esaslanyp berýän bahama görä şeýle diýip bilerin, ýagny prezident Ýanukowiç Orsýetiň basyşlary we wadalary sebäpli ylalaşyga gol çekmek islänok.”

Parlamentde Timoşenkanyň garşysyna edilen ses berişlik Kiýewiň uzak ýyllardan bäri Ýewropa Bileleşigine goşulmak üçin edýän tagallalarynyň soňky nokadymy? Eger ýagdaý şeýle bolanda-da, bu Ukrainanyň Orseýtiň baştutanlygyndaky Gümrük bileleşigine girjek bolýandygynyň alamatymy!? Ynha, şu soraglaryň jogaby hem häzirlikçe nämälimligine galýar. Moskwa Kiýewiň Gümrük bileleşigine goşulmagy üçin uzak wagtdan bäri basyş edip gelýär.

Ýöne her niçik hem bolsa, Ukrainanyň Günbatara goşulmak barada edýän tagallalarynyň badynyň gowşamagy onuň 1918-1921-nji ýyllar aralygynda gysga möhletlik garaşsyz bolan döwürlerini ýada saldy.

Birinji jahan urşundan soňky pursatlar

Birinji jahan urşunyň soňlanmagy bilen Orsýet imperiýasy dargap, Baltika ýurtlary, Polşa, Finlýandiýa, Belarus we Ukraina ýaly kolonial döwletler özbaşdak bolupdy. Polşa we Finlýandiýa üçin bu ýagdaý garaşsyzlygyň daň şapagydy. Ýöne Ukraina üçin ýagdaý başgaça bolupdy, ýagny olar ilkinji gezek özbaşdak hem döwrebap döwlet gurmagyň synagyna uçradylar.

Şol döwürlerde Ukraina üçin döwlet gurmak prosesi iň kyn şertlerde amala aşyrylmaly bolupdy. Birinji jahan urşy gürrüňi edilýän regionda Orsýetdäki graždan urşy, Polşa bilen Sowet Soýyzynyň arasyndaky söweş, şeýle hem dagynyklykdaky partizançylyk söweşi bilen utgaşyp gidipdi. Dünýä kartasynda täze döräp gelýän ýurduň oňaýsyz serhet çäkleri, ýurduň içindäki agzalalyk, taryhda hiç hili hyzmatdaşlarynyň bolmazlygy we diplomatiýa medeniýetinden mahrum bolmagy ýaly birnäçe çözülmesi kyn bolan meseleler bardy.

Ukrainanyň Ylymylar akademiýasynyň agzasy, şeýle hem Budapeştdäki Merkezi Ýewropa uniwersitetiniň professory Ostap Sereda, “Ukrainanyň milli bütewiligi we ukrain halkynyň milli kimlik düşünjesi Birinji jahan urşundan has aňyrda, 19-njy asyrda kämilleşip başlapdy” diýýär.

Ol muny geosyýasy ýagdaýyň hem-de milli bähbitleriň üçburçlygy diýip atlandyrýar.

“Ukrainada şol wagtlar iki proses dowam edýärdi - olaryň birinjisi, ors medeniýetiniň täsirinden aýrylmak, beýlekisi bolsa, polýak medeniýetinden üzňeleşmek. Iki proses hem ozallar Polşa-Litwa arkalaşygyna degişli bolan we soňlugy bilen Orsýet imperiýasynyň ýa-da Awstriýa imperiýasynyň düzümine girizilen territoriýalar ugrunda Polşa bilen Orsýetiň bäsdeşliginiň we basdaşlygynyň çäklerinde dowam edýärdi. Şonuň üçin hem Polşa tarapyny hem alga almaly. Muňa üçburçlyk diýsek hem bolar, ýöne aslyna garanyňda bu üçburçlykdan hem has çylşyrymly şekili ýada salýar”.

Ors milletçiliginiň oýnan roly

Orsýetde-de milli bütewilik we milli düşünje 19-njy asyrda peýda boldy. Ýöne ors milletçiligi slawýan-prawoslaw äheňinden ylham alýardy. Ynha, hut şu äheň hem Ukrainanyň aýrylmaz bölegidi.

Birmingem uniwersitetinden taryhçy-alym Klaus Rihter bu mesele barada şeýle gürrüň berýär: “Orsýet üçin Ukrainanyň ýolundan gyra çekilip, ‘bar gidiber’ diýmek Baltika ýurtlaryna ‘gidiber’ diýmekden has kyn hem çylşyrymly. Ýogsa, Baltika döwletleri hem, Baltika deňiz porty sebäpli, Orsýet üçin wajypdy. Litwa, Latwiýa, Estoniýa ýaly döwletler Orsýet üçin ykdysady jähtden örän derwaýysdy. Ýöne Ukraina Orsýete ors milletçiligini bütewileşdirmek we kämilleşdirmek üçin, şeýle hem orslaryň bina eden döwletinde onuň esasy bölegi bolmaklary üçin zerurdy.”

Ynha, şeýle garaýyşlar häzirki günlerde-de peýda bolup başlady. Kremliň tarapdary, Döwlet Dumasynyň ozalky deputaty hem ors ideology Sergeý Markow “The Moscow Times” gazetinde şeýle ýazýar: “Kiýewi Ýewropa Bileleşigine goşmak üçin aýak direýänler Orsýetiň ýene-de ozalkysy ýaly güýçli döwlet bolmak islegine böwet bolup, olar Ukrainanyň we Orsýetiň agzybir gatnaşyklaryna hüjüm edýärler.”

1918-nji ýylyň 9-njy fewralynda ýaş Ukrain halk respblikasynyň wekilleri şol döwrüň esasy döwletleri, hususan-da, Germaniýa, Awstriýa we Wengriýa bilen Birinji jahan urşunyň galdyran duşmançylyk gatnaşyklaryny soňlamak boýunça ylalaşyga gol çekişmek üçin Belarusyň Brest-Litowsk şäherinde duşuşýarlar.

Ýygnakda Germaniýanyň daşary işler ministri Riçard Kulman: “Uruş tupanyny böwsüp çykan ýaş we gelejegi aýdyň döwlet – Ukraina” diýip, dünýä kartasynda täze peýda bolan ýaş ukrain döwletini öwüp, söze başlaýar. Ukrainanyň adyndan wekilçilik edýän toparyň başlygy Oleksandr Sewrýuk gol çekiljek ylalaşygyň öz ýurtlarynyň ösüşine oňyn täsir edip, halkara arenasynda täze garaşsyz ýurduň döremegine we onuň pajarlap ösmegine kömek etjekdigini aýdýar.

Bu ylalaşyga gol çekmeklik Ukraina üçin özboluşly ýeňişdi. Sowet Russiýasy ukrain delegasiýasynyň bu ylalaşyga gol çekişmegine böwet bolmak üçin jan edip çytraşypdy. Olar Orsýetiň tutuş regionyň adyndan çykyş edýändigini aýdypdylar. Haçan-da wakadan birnäçe hepde geçensoň, Germaniýa Sowet Russiýasy bilen özara ylalaşyga gol goýupdy we bu ýagdaý Moskwany Ukrainanyň garaşsyzlygyny ykrar etmäge mejbur edipdi.

Taryhy bir pursata içgin nazar aýlanymyzda bir zada göz ýetirse bolýar, ýagny aslynda ylalaşyga taraplaryň gol çekişmegi gysga möhletlik özbaşdak ýaşan ukrain döwletiniň soňunyň gelmeginiň başlangyjydy. Sebäbi hatda ylalaşyga gol çekişilýän wagtlarynda bolşewistik güýçler eýýäm Kiýewiň derwezesini kakyp başlapdylar. Wakadan aňry ýany bilen biynjalyk bolan Ukraina şol wagt Germaniýa bilen ýene-de bir ylalaşyga gol çekişýär, ýagny nemes goşunlary Ukraina kömek etmelidi we muňa jogap hökmünde Ukraina-da Germaniýa däne önümlerini bermelidi.

Şol ylalaşygyň netijesi örän pajygaly heläkçilikler bilen soňlandy. Germaniýa we onuň hyzmatdaşlary 1918-nji ýylyň noýabrynda bolan söweşde ýeňildiler. “Ýeňiş gazanan tarapyň wekilleri söweşden dynan dünýäni paýlaşmak üçin Parižiň golaýynda duşuşdylar” diýip, taryhçy alym Rihter gürrüň berýär.

Ukrainanyň ykbalynda daşary ýurtlaryň oýnan roly

“Ukraina daşary ýurtlar örän çäkli ýardam beripdiler. Ukrainanyň garaşsyzlygy Brest-Litowsk şertnamasynda kabul edilipdi. Noýabrda bolan barlyşykdan soň Birinji jahan urşunda ýeňiş gazanan döwletler hem nemesler bilen hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde Ukrainanyň garaşsyz döwletdigine düşündiler.”

Rihteriň gürrüň bermegine görä, söweşde ezilen we öz ýurdunyň içine gabalyp galan ukrain hökümeti Birleşen Ştatlaryň prezidenti Wudrow Wilsonyň we beýleki Antanta, ýagny Birinji jahan urşunda ýeňiş gazanan döwletleriň wekilleri bilen duşuşyp, olardan özlerini doly kabul etmeklerini soramak üçin Wersala saldamly wekil iberip bilmeýär.

Şeýlelik bilen garaşsyz Ukrainanyň ykbaly 1912-nji ýylyň mart aýynda kesgitlenýär. Polşadyr Sowet Russiýasy Riga şertnamasyna gol çekişýärler. Bu şertnamanyň netijesinde Polşa bilen Sowet Orsýetiniň arasyndaky söweş soňlanýar. Ýöne gürrüňi edilýän şertnama Ukrainany iki ýurduň arasynda ikä bölýär.

Rihteriň aýtmagyna görä, şol döwürde köpsanly özbaşdaklyk ruhuna teşne ukrainler Günbatar ýurtlarynyň, aýratynam goňşulary Polşanyň özlerine biwepalyk edendigini aýdýarlar.

Şol wagtlar dünýäniň kartasynda täze dörän Sowet Soýuzy 1922-nji ýylda Ukrainany hem öz düzümine goşýar. Şeýlelik bilen ukrainlaryň garaşsyzlyk arzuwy onlarça ýyllap başa barmaýar. Sowet diktatory Iosif Stalin Ukraina barada: “Sowet Soýuzynyň ejiz agzasy” diýerdi.

Ynha, gürrüňi edilen şu wakalardan bäri takmynan bir asyr geçdi. Ýene-de Ukraina iki oduň arasynda, ýagny Orsýet bilen Polşanyň arasynda galdy. Polşa Ýewropa Bileleşiginiň günorta hyzmatdaşlyk inisiatiwasyna ýolbaşçylyk edýär.

Üstümizdäki hepde Kiýew ýa Wilniýusda geçiriljek Günorta Ýewropa partnýorçylygy boýunça uzak möhletli hyzmatdaşlyga ýol açýan ylalaşyga gol goýmaly ýa-da Orsýet bilen Ýewraziýa Bileleşigi taslamasyna goşulmaga razyçylyk bermeli. Ýogsa-da, Ukraina özüniň Ýewropa Bileleşigi bilen bagly meselelerini bir ýyl yza süýşürmeli bolar. Mundan soňky sammit 2015-nji ýylda Rigada geçiriler. Mark Tweýniň aýdyşy ýaly, “taryh öz-özüni gaýtalamasa-da, ondaky wakalar biri-biri bilen kapyýalaşýar”.
XS
SM
MD
LG