Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Partlamada 44 adam öldi


Hytaýyň Kiňdao şäherinde nebit geçirijisiniň partlamagy netijesinde onlarça adam öldi.

Resmiler anna güni bolan partlamada azyndan 44 adamyň ölüp, 160-dan gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Bu partlama geçirijiden nebit syzyp, işçileriň ony petiklemäge, ýagny nebit syzýan ýeri bejermäge synanan wagtynda boldy.

Hytaý, korrupsiýa we kanunyň ýerine ýetirilişiniň pesligi sebäpli, dünýäde işçiler üçin iň howply ýurt hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG