Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Latwiýada ýas tutulýar


Latwiýalylar Rigadaky supermarket çökende heläk bolan 52 adamyň ýasyny tutýarlar.

Şu gün üç günlük resmi ýasyň birinji güni. Riganyň ýangyn we halas ediş gullugynyň sözçüsi Wiktoriýa Sembele üçegi çöken dükanyň bir böleginde henizem aman galanlary gözlemelidigini aýtdy.

Ýöne ol üçegiň ýene çökmek ähtimallygy gözleg işini kynlaşdyrýar diýdi.

Polisiýa 2011-nji ýylda gurlan täze dükanyň üçeginiň çökmegi gurluşykdaky howpsuzlyk düzgünleriniň saklanmazlygy bilen bagly diýýär.
XS
SM
MD
LG