Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 20 adam öldürildi


Yrakda sünnüleriň ýaşaýan ýerlerini nyşana alan hüjümlerde anna güni azyndan 20 adam öldürildi.

Iň ganly hüjüm Bagdadyň günortasyndaky Doura mähellesinde boldy. Bu ýerde bir dükanyň daş işiginde iki bomba partladylyp, 6 adam öldi, 18 adam ýaralandy.

Günorta we günbatar Bagdatdaky metjitleriň golaýynda hem iki bomba partladyldy. Bu hüjümlerde üç adam ölüp, 12 adam ýaralandy.

Bagdadyň demirgazygyndaky Tarmiýa mähellesinde bir bomba hökümete tarapdar sünni milisiýasynyň 3 agzasyny öldürip, ýene üçüsini ýaralady.

Ýaragly adamlar Diala şäheriniň metjidinde ymamy, Nineweh şäherinde bolsa iki polisiýa işgärini we iki esgeri atyp öldürdiler. Bagdadyň demirgazygyndaky barlag nokadynda hem iki polis ofiseri atylyp öldürildi.
XS
SM
MD
LG