Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Protestçiler NATO-nyň ýoluny ýapmakçy


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Kyber Paktunhwa welaýatynyň protestçileri NATO-nyň esasy üpjünçilik ýoluny ýapmaga toplanýarlar.

Pakistanyň «Tehrik-e-Insaf» we «Jamaat-e Islami» syýasy partiýalarynyň goldawçylary şenbe güni welaýat paýtagty Peşawaryň daşyndaky esasy ýoly petiklemek üçin toplanýarlar.

Bu ýol NATO-nyň esasy üpjünçilik gatnawy bolup durýar. Bu iki partiýa welaýat adminstrasiýasynda koalisiýa partnýorlarydyr.

Olar Pakistanyň içine Birleşen Ştatlar tarapyndan urulýar diýip güman edilýän dron zarbalaryna protest bildirmek üçin NATO-nyň ýük maşynlarynyň gatnaw ýoluny baglamagy wada berdiler.
XS
SM
MD
LG