Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada müňlerçe adam proteste çykdy


Kiýewiň Garaşsyzlyk skwerinde birnäçe müň adam hökümetiň Ýewropa integrasiýasy meselesindäki pozisiýasyny üýtgetmegini talap etmäge toplandy.

Anna güni agşam üç müň çemesi adam Kiýewde hökümetiň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosasiýa şertnamasyna gol çekmegi togtatmak barada penşenbe güni gelen kararyndan kanagatlanmaýandygyny aýtmaga geldi.

Oppozisiýa lideri Witaliý Klitçko hem demonstrantlaryň arasynda bolup, ol märeke Ukrainanyň hökümetiniň geljek hepde Wilnýusda geçýän sammitde ÝB bilen Gündogar hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekmegini isleýär diýdi.

Kristina atly protestçi şeýle diýdi: «Ozaly, ÝB bize wizasyz režim üçin gerek däl, ýogsa bu gowy zat. Bu diňe dükanlardaky arzan harytlar üçin hem däl. Bu ýerde gep ozaly demokratiýa we syýasatçylaryň halk öňündäki jogapkärçiligi bilen bagly gymmatlyklar hakynda barýar.»
XS
SM
MD
LG