Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Iwanişwili syýasatdan gidýär


Gürjüstanyň premýer-ministri we milliarder Bidzina Iwanişwili syýasatdan çekilýär.

Onuň bu karary şu gün, öz partiýasynyň Tbiliside geçýän kongresinde yglan etmegine garaşylýar.

Iwanişwili 2012-nji ýylyň oktýabryndan şu aýyň başyna, prezident Giorgi Margwelaşwiliniň inagurasiýasyna çenli premýer-ministr boldy.

Ol 2011-nji ýylyň oktýabrynda syýasata goşulyp, parlament saýlawlarynda ozalky prezident Mihail Saakaşwiliniň «Birleşen milli hereketine» garşy «Gürjüstanyň arzuwy» koalisiýasyna ýolbaşçylyk etdi.

Ol özüniň diňe bir ýyl premýer-ministr boljagyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG