Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Müňlerçe adam ÝB paktyny talap edýär


Ukrainanyň paýtagtynda ýekşenbe güni müňlerçe adam proteste ýygnanady.

Olar hökümetiň ÝB bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmek planyny togtatmak barada geçen hepde gelen kararyna protest bildirýärler.

10 müň çemesi adam, ÝB-niň we Ukrainanyň baýdaklaryny göterip, «Ukraina Ýewropadyr» diýip gygyryp, Kiýewiň merkezinde ýöriş etdi.

Bu protestiň has ulalamagyna garaşylýar. ÝB-niň hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmegi bilen bagly şertleriniň biri ozalky premýer-ministr, häzir türmede oturan Ýuliýa Timoşenkonyň daşary ýurtda saglyk bejergisini almagyna rugsat berilmegi.

Ukrain kanunçykaryjylary geçen penşenbede bu meselede ylalaşyk gazanyp bilmediler.

Şondan soň hökümet ÝB bilen şertnama baglaşmaklygy togtadýandygyny yglan etdi.

Demonstrantlar hökümetiň bu kararynyň ýatyrylmagyny talap edýärler.
XS
SM
MD
LG