Sepleriň elýeterliligi

Eýran ýolbaşçylary ylalaşygy gutlaýar


Eýran liderleri dünýä döwletleri bilen geçiş ylalaşygynyň baglaşylmagyny gutlap çykyş etdiler.

Olar bu ylalaşygyň Eýranyň öz ýadro programmasynyň üstünde işlemek hukuklaryny ykrar edýändigini aýtdylar.

Eýranyň ýokary ruhy lideri aýatolla Ali Hameneýi ýekşenbe güni Ženewada gelnen ylalaşygyň progresi çuňlaşdyrmak üçin baza, esas bolup durýandygyny aýtdy.

Prezident Hassan Rohani konstruktiw gepleşikler we gepleşik geçirýän toparlaryň ýadawsyz tagallasy täze gözýetimleri açar diýdi.

Bu sözler dünýä döwletleri bilen Eýranyň arasynda bu ýurduň ýadro programmasy barada başlangyç ylalaşyga gelnenden soň aýdyldy.

5+1 topary, Britaniýa, Hytaý, Orsýet, ABŞ, Fransiýa we Germaniýa Eýranyň ýadro programmasynyň käbir aspektleriniň duruzylmagynyň ýerine halkara sanksiýalarynyň bir bölegini ýatyrmagy teklip edýärdiler.

Ýekşenbede bäşinji gününe giren gepleşikler Eýranyň uran baýlaşdyrmak hukugynyň ykrar edilmegini sorap aýak depmegi netijesinde petige diredi.
XS
SM
MD
LG