Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Holodomor" açlygyny çekenler


Ukrainalylar "Holodomor" pidalaryny ýatlaýar. Lwow, 23-nji noýabr, 2013.
Ukrainalylar "Holodomor" pidalaryny ýatlaýar. Lwow, 23-nji noýabr, 2013.
Ukraina 23-nji noýabrda 1932-1933-nji ýyllarda milionlarça adamyň ölümine getiren emeli açlygyň, ýagny Holodomor wakasynyň 80-nji ýyl dönümini belledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçylary şol döwürlerden aman galan birnäçe adam bilen söhbetdeş boldy.

Ak köýnek geýen Pawlo Rožko ruhubelentlik bilen bandurasyny (ukrain halk saz guraly) çalyp, halk aýdymyna hiňlenýär.

91 ýaşly Rožko, ýaşy bir çene baran hem bolsa, entegem hor toparyna gatnaşmagyny dowam etdirýär. Ol Ukrainanyň günorta-gündograynda ýerleşýän Piski obasynda geçiren güzaply çagalyk ýyllaryndan bäri aýdym aýdýar.

“Meniň enem-atam örän şadyýan adamlardy. Olar tikin-çatyn bilen meşgullanyp, mydama bir zatlary örerdiler. Biziň mal ýatagymyzda goýun-guzularymyz bardy. Guzularymyzy öýümiziň içinde saklardyk. Bizde ownuk şahly mal köpdi. Çagalyk döwrümizde aýdym aýdardyk, tans ederdik, oýun oýnap, şowhun turzardyk. Hiç kim bize käýemezdi. Kollektiwleşdirilme döwrüne çenli biziň hemmämiz bagtyýar hem şadyýan ýaşaýardyk.”

Aktiwistler "Holodomor" pidalaryny ýatlaýar. Çerkasi, 23-nji noýabr, 2013.
Aktiwistler "Holodomor" pidalaryny ýatlaýar. Çerkasi, 23-nji noýabr, 2013.
Sowet Ukrainasynda açlyk ýyyllary başlanda Rožko 11 ýaşyndady. Şol döwürde Iosif Stalin oba hojalyk pudagynda düýpli reformalary geçirýär we bu reformalaryň netijesinde milionlarça obaly öz ýerini we ýygnan hasylyny ýitirýär.

1932-1933-nji ýyllarda ýurda abanan açlyk nägehany 3 miliondan 10 miliona çenli ukrainalynyň ölümine getirdi. Sowet Soýuzynyň mes toprakly ekin meýdanlary, kollektiwleşdirilme syýasaty netijesinde, Kremliň gol astyna geçdi.

Gürrüňi edilýän açlyk ýuwdarhasy halkyň aňynda “Holodomor” ady bilen galypdyr. Ýöne Sowet häkimiýetleri öz ýalňyş syýasat larynetijesinde dörän gyrgynçylygy hiç haçan boýun almadylar. Olar açlyga hasylsyzlygy sebäp edip görkezdiler.

Açlyk ýyllaryny başdan geçirip, agyr günlerden aman galan şaýatlar 23-nji noýabrda 80-nji ýyl dönümi bellenýän “Holodomor” wakasynyň bilkastdan gurnalandygyny we şol wagt onuň gorky syýasaty bilen üstüniň ýetirlendigini aýdýarlar.

Mariýa Semak şol döwürde gülläp ösen kazak obasynda önüp- ösüpdir. Oba ilatynyň hemmesiniň diýen ýaly öz hususy ýeri we her kimiň öz aty bolupdyr.

Sowet häkimiýetleri bu ýeri 1932-nji ýylda ele geçirýärler we oba ilatynyň ammarlaryndaky ähli azykgy, ätiýaçlyk üçin saklaýan däne önümlerini zor bilen alyp, olary daşary ýurtlara satýarlar, geçmedik harytlary bolsa hiç kime bermän çüýredýärler.

"Ejem kommunistleriň eşigini tikerdi"

Semak şol döwür ussat tikinçi bolan ejesine şu günlerem buýsanýar. Semagyň ejesi ýerli komunist elitasynyö eşiklerini tikip, şojagaz girdejisiniň kömegi bilen çagalaryny açlykdan çykarýar. Ýöne muňa garamazdan, açlykdan aman galmak üçin, Semagyň maşgalasy hem çem gelen zady iýmeli bolupdy. Mariýa Semak bu barada şeýle gürrüň berýär:

“Meniň ýadyma düşýär, biz gyrgynçylyk döwründe haşal otlary we saman iýmeli bolupdyk. Biz olary gaýnadardyk, ejemiz bolsa gaýnadylan otlary börege meňzedip bükerdi. Bükülen börekleri biz “matorženki” diýip atlandyrardyk. Ol wagtlarda un ýokdy. Biz ösümlikleri guradyp, olary sokuda döwerdik. Soň şolardan ejemiz bize “matorženki” bişirip bererdi.”

Adamlar akar suwlaryň kenarynda molýusk gözlemäge çykardylar, agajyň gabygyny gaýnadyp, şolardan iýmitlenerdiler. Olar ýylan awlap, şolary hem iýerdiler. Käwagtlar belka gowrup, garynlaryny doýurjak bolýardylar.

Dnepropetrowsk şäherinde şahyr hökmünde tanalýan 93 ýaşly Mikola Mikolaenko Holodomor gyrgynçylygy barada köp eser ýazypdy. Ol şol welaýatdaky zawodyň naharhanasyndan porsan balyk kellelerini bildirmän alyp, olary ejesine getirip berşini we porsan balyk kellelerinden çorba bişirip iýendiklerini gürrüň berýär.
Latwia, ukrainalylar we latwialylar "Holodomor" pidalaryny hatyralaýar. Riga, 23-nji noýabr, 2013.
Latwia, ukrainalylar we latwialylar "Holodomor" pidalaryny hatyralaýar. Riga, 23-nji noýabr, 2013.

Ýaşajyk Mikolanyň gijäniň tümlüginde öýden gidip, azyk gözleýşi onuň ejesini ünjä goýýardy, sebäbi şol döwürlerde halk arasynda adamhorlyk wagşyçlygynyň döräp başlandygy barada myş-myşlar giňden ýaýrapdy.

Marýaniwka obasynda önüp-ösen Mikolaenko adamlaryň birek- biregi iýmek üçin öldürişlerine görer göze şaýat bolmandyr, ýöne haçanda ol her gezek öýden çykanda, ejesi oňa şol wagşyçylykdan ägä bolmagy berk tabşyrar ekeni. Mikolanyň aýtmagyna görä, oba arasynda giňden ýaýran myş-myşlaryň jany ýok däl ekeni.

“Bu ýagdaý aslynda 1933-nji ýyldan hem öň başlapdy. Bir gün biri goňşusynyň öýüne duz sorap barsa, ertesi halk arasynda “pylanylar maşgalalarynyň ýaşuly agzalaryny halas etmek üçin çagalaryny soýup iýipdirler” diýen myş-myş ýaýrap başlaýardy.”

Metbugatda ölenleriň sany aýdylmazdy

Açlykda wepat bolanlaryň sanynyň resmi hasabaty barada gürrüň etmek ýerli mediada gadagan edilipdi. Ýöne ejir çekenleriň sany baradaky maglumatlar ýyldyrym çaltlygynda, resmi däl ýagdaýda günbatar Ukraina çenli baryp ýeterdi. Soňra sanlar Polşada ýaňlanardy.

Mariýa Wiwçarik açlyk gyrgynçylygy başlan döwründe 8 ýaşyndady. Olar Zbruç derýasynyň günbatar tarapynda ýerleşýän Kriwenko obasynda ýaşaýardylar. Zbruç derýasy soňlugy bilen Polýaklaryň gol astyndaky günbatar Ukraina bilen Sowet hökmürowanlygyndaky gündogar Ukrainany ikä bölýär.

Häzirki wagtda Ukrainanyň merkezindäki Smila şäherinde ýaşaýan Wiwçarik açlyk gyrgnçylygy döwründe Sowet Ukrainasyndan gaçyp, öz territorýalaryna sygnan adamlara kömek edişleri barada gürrüň berýär. Adamlar Zbruç derýasyndan ýüzüp geçmeli bolýan ekenler. Netijede, ejiz hem tapdan düşen ukrainalylaryň köpüsi derýanyň güýçli akymyna döz gelip bilmän, suwda gark bolupdyrlar. Ýöne derýadan ýüzüp geçenlere Wiwçarik we onuň garry enesi geýere gury eşik, iýere nahar berer ekenler.

Iberilen azyklary yzyna gaýtarýardylar

Kriwenkolylar öz aralynda azyk önümlerini ýygnap, gündogar Ukrainada açlykdan ejir çekýän adamlara ugradar ekenler. Ýöne, Wiwçarigiň gürrüň bermegine görä, olaryň iberýän azyk önümleri yzlaryna ugradylýan ekeni. Wiwçarik:

“Bir kilomy, iki kilomy, garaz, her kim gurbunyň çatdygyndan azyk kömegini edýärdi. Käbirleri bugdaý berse, käbiri mekgejöwen ýa-da çowdary dänesini berýärdi. Biz şol zatlaryň hemmesini ýygnap ‘uly’ Ukraina [Sowet Ukrainasy] ugradardyk. Ýöne göz öňüne getirip bilýäňizmi, Bolşewikler biziň şol ugradan azyklarymyzyň hemmesini yzyna ugradardylar. “Bizde açlyk ýok, hemme zat gülala-güllük” diýerdiler. Göz öňüne getirip bilýäňizmi?! Biz agalaşardyk...”

Ýöne halas bolanlaryň köpüsi üçin ajy bir hakykat bardy, ýagny Sowet häkimiýetleriniň gol astynda açlyk gyrgynçylygndan we kemsitmelerden ejir çeken ukrainalylar soňlugy bilen orsça gepläp başlaýarlar we wakadan bir ýyl soň olar sözüň doly manysynda “hakyky komunist” bolýarlar.

Ýanukowiçiň pozisiýasy

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç gündogar Donetsk welaýatynda önüp-ösýär. Agzalýan region açlyk gyrgynçylygynyň iň ýowuz günlerini başdan geçiren regionlaryň biri hasaplanýar. Ýöne onuň bu mesele babatdaky pozisiýasy köp ukrainalyny lapykeç edýär:

Ol 2010-nji ýylda prezident saýlandan soň, “Holodomor” wakasyny genosid atlandyrýan kanuny ýatyrýar. Ozalky prezident Wiktor Ýuşçenko bu kanunyň kabul edilmegi üçin köp tagalla edipdi.

Bu kanunda şol döwürdäki Kreml häkimiýetleriniň Ukrainanyň oba ilatyny açlyga sezewar etmek üçin “bilkastlaýyn açlyk kampaniýasyny” alyp barandygy aýdylýardy.
"Holodomoryň" ýyl dönümi, Kiýew, 23-nji noýabr, 2013.
"Holodomoryň" ýyl dönümi, Kiýew, 23-nji noýabr, 2013.

Kreml tarapynyň heňini çalýan Ýanukowiç bolsa gyrgynçylykly “Holodomor” wakasynyň diňe bir Ukrainada däl, eýsem tutuş Sowet ýurtlarynda bolup geçendigini ýatladyp, munuň “genosid” bolup bilmejekdigini aýdýar.

Ol ukrain halkyny köşeşdirmek maksady bilen, “Holodomor” gyrgynçylygynyň pidalarynyň hatyrasyna, noýabryň soňky şenbesini “Hatyra güni” diýip yglan etdi.

Ýöne “Holdomor” gyrgynçylygyndan halas bolan Mariýanyň adamsy Grigoriý Semak syýasatçylaryň we habar serişdeleriniň “Holodmor” wakasyna ýeterlik üns bermeýändiklerini aýdýar. Olar aýratynam öz ýaşaýan ýeri bolan gündogar Ukrainada bu meseläniň üns merkezinde saklanylmaýandygyndan şikaýat edýärler:

“Bu regionda “Holodomor” wakasyna üns çekilmeýär. Megerem partiýanyň basyşy sebäplidir, bu gyrgynçylyk habar serişdelerinde–de kän bir agzalyp durlanok. Gazetleriň Moskwany goldamagy Wiktor Ýanukowiçiň häzirki partiýa ideologiýasy bilen baglanyşykly bolmaly.”

Açlyk gyrgyny
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:06:27 0:00

“Holodmor” gyrgynçylygy ukrainaly syýsatçylar üçin wawwaly mesele bolmagynda galýar. Ýöne käbir ukrainalylar wakanyň halk arasyndaky täsiriniň ýiten bolmagynyň ähmaldygyna alada bildirýärler. Sebäbi gyrgynçylykdan halas bolanlar häzir bolsa 80-90 ýaşlaryndadyrlar. “Holodmor” gyrgynçylygynyň halka nähili zyýan ýetirenldigi barada gürrüň edip, bu meselä üns çekjek köp adam galmady.

Rožko üçin gyrgynçylykda wepat bolan adamlar iň esasy adamlar. Birinji bilen, onuň agasy – ol galan bugdaýyny diýdimzor hökümete bermän, garşylyk görkezeni üçin, ony ýalaňaçlap, doňduryjy sowukda daşarda saklapdylar. Şonda onuň agasy doňup ölýär. Rožkowyň kakasy hem birnäçe aý soň, açlyga çydap bilmän aradan çykýar.

Rožko: “Kakam ejeme ‘çagalara özüň göz-gulak bol, sebäbi men muny başarmaryn’ diýipdi.” Ol ak saçlaryny sypalap, sözüni dowam edýär: “Şowagt men 11 ýaşymdadym, emma saçlarym bada-bat çalarypdy. Ýöne meniň kakamyň sözleri maňa güýç-kuwwat berýärdi. Men aýaklarymy zordan süýreýärdim, ýöne men hemme ýere gidýärdim. Men iýere bir zatlar tapmak üçin 60 kilomtere çenli ýol sökýärdim.”
XS
SM
MD
LG