Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Polisiýa protestçilere gaz pürkdi


Kiýedäki prezident binasynyň töweregi. 24-nji noýabr, 2013.
Kiýedäki prezident binasynyň töweregi. 24-nji noýabr, 2013.
Ukrain polisiýasy, habarlara görä, ýekşenbe güni ÝB tarapdarlygynda guralan demonstrasiýa gatnaşyjylara garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Onlarça müň adam ukrain paýtagtynda hökümetiň geçen hepde ÝB bilen Hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmak prosesini togtatmak barada gelen kararyna garşy proteste toplandy.

Oppozisiýa maglumatlaryna görä, polisiýa hökümet binalarynyň daşyndaky gabawy böwüsmäge çalşan protestçiler toparyna garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Azyndan 50,000 adam, Günbatara tarapdar, hökümete garşy şygarlara gygyryp, ÝB baýdagyny we oppozision partiýanyň baýdagyny galgadyp, şäheriň merkezinden ýöriş etdi.

"Ukraina Ýewropadyr!" diýen şygar protestçi köpçülik tarapyndan alnyp göterildi.

Ukrainalylar ÝB paktyny talap edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:32 0:00

Oppozisiýadaky «Batkiwşina» partiýasynyň beýanatynda bu ýygnanyşyga 100,000 çemesi adamyň gatnaşandygy aýdylýar. Emma bu san garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylyp bilinmedi.

Demonstrantlaryň biri Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugyna ýurduň geljegi Ýewropa bilen bile bolmakda diýdi:

"Men bu ýere Ukrainanyň Ýewropa goşulmak baradaky arzuwlaryna goldaw bildirmäge geldim. Bolany şol. Biziň geljegimiz diňe Ýewropada."

Dolandyryjy «Regionlar partiýasynyň» tarapdarlary hem bu demonstrasiýanyň gapdalyndan kiçiräk demonstrasiýa geçirdiler. Bu demonstrasiýa 10,000 çemesi adamyň toplanandygy aýdylýar.

Hökümet tarapdarlarynyň biri Anton ÝB Ukriananyň boýnuna öz düzgünlerini dakjak bolmaly däl diýdi:

"Men bu ýere biziň Ýewropa goşulmak isleýändigimizi, emma onuň biz üçin berk şetleri goýmaly däldigini bilmegi üçin geldim. Biz Ukrianada ýewropa gurmak isleýäris, biz muny nähili etmelidigini bilýäris. Biz bu ýerdäki adamlaryň işli bolmagyny isleýäris. "

ÝB-niň Assosasiýa şertnamasyna gol çekilmegi üçin goýan şertleriniň biri ozalky premýer-ministr, häzir türmede oturan Ýuliýa Timoşenkonyň daşary ýurtda saglyk bejergisini almagyna rugsat berilmegidi.

Emma ukrain kanunçykrajylary bu meselede ylalaşyga gelip bilmediler we hökümet ÝB bilen şertnama baglaşmak prosesini totadaýandygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG