Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz protestçileri ýoly ýapdy


Gyrgyzystanyň öňki parlament sözçüsiniň goldawçylary onuň boşadylmagyny talap edýärkä, ýurduň Oş regionyndaky iň uly şaýolynda ýüzlerçe awtoulag dyknyşygy döredi.

Akmatbek Keldibekow ýurduň Salgyt gullugynda we Döwlet sosial fondunda işlän döwri wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we maliýe galplyklarynda aýyplanyp geçen hepde tussag edilipdi.

Keldibekowyň tarapdarlary Gyrgyzystan bilen Hytaýy birikdirýän Oş-Erkeçtam şaýolunyň ugrunda üç sany çadyry dikdiler. Bu şaýolunyň ugrunda azyndan onlarça protestçiniň ýygnanadygy habar berilýär.

Keldibekow Gyrgyzystanyň oppozision Ata-Jurt, ýagny Ata Watan partiýasynyň agzasydyr we ol 2010-2011-nji ýyllar aralygynda parlamentiň sözçüsi wezipesinde işläpdi.

Geçen hepde ýüzlerçe adam Keldibekowyň derhal boşadylmagyny talap edip, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde we Oş regionynda protest geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG