Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: 700 adam tussag edildi


Moskwanyň polisiýasy paýtagtyň Lýublino etrabyndaky “Moskwa” atly söwda merkezine reýd geçirdi we takmynan 700 adamy tussag etdi. Resmileriň berýän maglumatyna görä, olar bikanun migrantlary ele salmak boýunça operasiýa geçiripdirler.

Russiýanyň habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, polisiýa söwda merkeziniň ähli girelgelerini we çykalgalaryny gabawa alypdyr we ol ýerdäki ähli adamlaryň dokumentlerini barlapdyr.

Käbir ýaşlar germewleri böwsüp söwda merkezini terk etmäge synanyşdylar, emma soňra olar polisiýa tarapyndan tussag edildiler.

Moskwanyň polisiýasy gürrüňi edilýän söwda merkezine mundan bir hepde ozal hem reýd gurnapdy. 20-nji noýabrda gurnalan şol reýdde 1 müňden gowrak adam polisiýa merkezlerine alnyp gidilipdi.
XS
SM
MD
LG