Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak mollalarynyň internedäki işjeňligi


Gazagystandaky "Gyzyl orda" metjidiniň ymamlarynyň "Facebook" sosial ulgamyndaky sahypasyndan bir bölek.
Gazagystandaky "Gyzyl orda" metjidiniň ymamlarynyň "Facebook" sosial ulgamyndaky sahypasyndan bir bölek.
Gazagystanda dini ruhanylar wagyz-ündew işleriniň ýaşlara ýetmegini gazanmak üçin elinde baryny edýärler.

Mollalar we ymamlar mundan beýläk sosial ulgamlaryň ýaşlara güýçli täsiriniň duşundan geçip bilmeýärler. Olar ýaşlar bilen aragatnaşyga girmek üçin Facebook, "Moý Mir" we "Vkontakte" ýaly sosial ulgamlary ulanyp başladylar.

Gazagystanyň demirgazygyndaky Kustanaý welaýatynyň ýokary derejeli resmisi Ruslan Bolatuly dini liderleri bütindünýä web ulgamyny, ýagny internedi ulanmagy öwretmek maksady bilen şu aý welaýatda ýörite seminarlar geçirildi diýýär.

Onuň sözlerine görä, sosial media dini ekstremizmiň ýaýramagynyň "öňüni almaga çäre" hökmünde ulanylyp bilner. "Geçmişde gadagan edilen dini toparlaryň wekilleri özlerine täze agzalary çekmek üçin adamlar bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaly bolýardylar. Indi bolsa olar internetden peýdalanýarlar." diýip, Bolatuly gürrüň berýär.

Bolatulynyň aýtmagyna görä, ýaňy-ýakynda Youtubde peýda bolan wideodan soň gazak ýolbaşçylary dini liderleriň sosial mediany özleşdirmegini talap edip başlapdyrlar. Gürrüňi gidýän wideoda Siriýadaky konfliktde söweşýän gazak raýatlary diýilýän adamlaryň bir topary görkezildi. Bu hem öz gezeginde ýurtda giňden gürrüňi edilen wakalaryň biri boldy.

Gazagystanda metjitler döwlet gözegçiligindedir we ymamlar hem döwletiň howandarlygyndaky Gazak musulmanlarynyň Dini direktoraty tarapyndan bellenilýär. Ýurtda 2 müň 500-den gowrak resmi hasaba alnan metjitler bolup, olaryň ählisiniň diýen ýaly öz websahypalary bar. Ýöne resmiler mundan başga-da, goşmaça çäreleri geçirip bolar diýen karara geldiler.

Ymamlar çäräni goldaýarlar

Kustanaý welaýatynyň Maral Eşan metjidiniň ymamynyň orunbasary Darkan Syzdykow döwletiň alyp barýan bu tagallalaryny goldaýar. Syzdykow beýleki 56 dini lider bilen birlikde welaýatda geçirilen seminarlara gatnaşdy. Ol internet we sosial media bolmasa, mollalaryň öz esasy diňleýjileri bilen aragatnaşyklaryny ýitirjekdigine ynanýar.

"Häzirki günlerde ýaşlaryň aglabasy köp wagtyny internetde geçirýär. Hiç kimiň metjidiň wagyz-nesihatlaryny diňläp, bimaza edilesi gelenok. Ýaşlar öz dini meseleler boýunça soraglaryna öýden çykman, jogap tapmak isleýärler. Şol sebäpden hem ymamlar sosial ulgamlarda işjeň bolmaly bolýarlar" diýip, Syzdykow aýtdy.

Syzdykowyň ýaşlaryň oý-pikirlerine haýsy usul bilen aralaşylmalydygy barada aýdyň pikirleri bar. Ýagny, mollalar internetde bloglary we gollanmalary ýazmaga başlamagy planlaşdyrýarlar.

Gazagystanyň Kustanaý welaýatyndaky Žitirkarinkiý etrabynyň metjidiniň ymamy Sabyržan Esmurzin “Moý Mir” we “Odnoklassniki” sosial ulgamlarynda müňlerçe adamyň ünsüni özüne çekmegi başardy.

32 ýaşyndaky ymam Esmurzin rus dilindäki sosial ulgamyny dini gymmatlyklary düşündirmek we mahabatlandyrmak, şeýle-de ulgamda öz çykyşlaryny yzarlaýanlaryň bu mesele baradaky soraglaryna jogap bermek üçin ulanýar.

Beýleki ähli sosial media ulanyjylar ýaly, Esmurzin hem öz sosial sahypasynda ençeme, şol sanda mollanyň öz aýaly hem-de çagalary bilen wagtyny gowy geçirýändigini görkezýän suratlary hem çap edipdir.

Mollalaryň ählisi höwesli däl

Emma gazak mollalarynyň ählisi internet arkaly dost edinmäge höwesli däl.
Günorta Gazagystan welaýatynyň esasy metjidiniň mollasy Ulykbek Aliakparuly "Ýaşuly ymamlar internet bilen gyzyklanmaýar " diýýär.

Ol ymamlaryň aglabasynyň ýaşuly nesle degişlidigini belläp, "Ýaş faktorynyň wajypdygyny" sözüne goşýar. "Ýaş adamlar metjidiň ymamy bolasy gelenok. Sebäbi bu aýlyksyz iş. Şol sebäpden obalardaky, şeýle-de şäherlerdäki ymamlaryň aglabasy 40 ýaşdan aşan adamlar. Olaryň internet ýa-da kompýuter bilen gyzyklanmasy ýok".

Aliakparulynyň sözlerine görä, Gazagystanyň günorta welaýatyndaky 14 etrabyň ýokary derejeli ähli ymamlary internediň nähili ulanylýandygy, maglumatlaryň metjidiň websahypasynda nähili çap edilýändigi we sosial ulgamlarda hasaplaryň nähili açylýandygy barada türgenleşik kurslaryna gatnaşdylar.

Onuň aýtmagyna görä, Gazagystanyň ähli dini liderleri parahatçylykly dini gymmatlyklary mahabatlandyrmak üçin internetden nädip öndümli peýdalanyp boljakdygyny öwrenmeli.

Resmi maglumatlara görä, 2012 ýylyň başlarynda Gazagystanyň 17 millionlyk ilatynyň 20%-i sosial media websahypalaryndan peýdalanypdyr.

Geçen ýyl gazak sosial media ulanyjylarynyň 30%-niň “Moý Mirde”, 14%-niň “Vkontaktede” we 3,5%-niň bolsa Facebook sahypasynda hasaplary bar eken.
XS
SM
MD
LG