Sepleriň elýeterliligi

25-nji noýabr: Tragediýa henizem dowam edýär


“Demokratiýany we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça institutyň” prezidenti Ýuriý Jibladze.

“Demokratiýany we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça institutyň” prezidenti Ýuriý Jibladze.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň täze taryhynda iň çylşyrymly wakalaryň biri bolup geçdi. Şol gün we onuň yz ýany bolan wakalar hakda şu günki güne çenli-de takyk maglumatlar ýok we ol wakalara umumy resmi syýasy baha berilmeýär. Türkmenistan häkimiýetleriniň prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýip atlandyran şol wakalara gatnaşmakda aýyplanyp tussag edilenlerden onlarça adam ýitirim boldy. 11 ýylyň geçendigine garamazdan, olaryň ykbaly barada hatda garyndaşlaryna-da habar berilmeýär.

Ýakynda başlanan “Olary diri görkeziň” atly halkara kampaniýa 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilenleriň ykbalyny anyklamak maksadyny göz öňünde tutýar.

Azatlyk Radiosy “Olary diri görkeziň” atly kampaniýanyň guramaçylaryndan “Demokratiýany we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça institutyň” prezidenti Ýuriý Jibladze bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýuriý, “Olary diri görkeziň” atly kampaniýanyň barşynda nähili netijeler gazanyldy?

Ýuriý Jibladze: Kampaniýa resmi taýdan sentýabryň aýagynda, oktýabryň başynda herekete başlady. Biz bu işe ÝHHG-niň Adam hukuklary boýunça Warşawada geçirilen ýyllyk maslahatynda başladyk. Şondan bäri sähelçe wagt geçdi we entek belli bir netije bolmady.

Şol bir wagtda-da 25-nji noýbr wakalaryndan 10 ýyldan köp wagt geçen hem bolsa, problema şol agyrlygyna galýar, şeýle ýagdaýda tiz netijelere garaşyp bolmaýar.

Emma biz türkmen häkimiýetlerine ýüzlenmegi dowam etdirýäris. Şeýle-de bizi dünýäniň dürli ýurtlarynda hökümete degişli bolmadyk guramalar, ençeme ýurduň hökümetleri we iri halkara guramalary goldaýarlar. Şeýlelikde biz Türkmenistanda 11 ýyl mundan ozal bolan waka we munuň bilen baglylykda şu günki güne çenli dowam edýän problema bildirilýän ünsüň hasam güýçlenmeginiň meseläniň duran ýerinden gozganmagyna itergi berjegine ynanýarys.

Azatlyk Radiosy: Size türkmen häkimiýetleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak başartdymy?

Ýuriý Jibladze: Türkmen häkimiýetleriniň ýakyn wagtda reaksiýa görkezmekleri üçin birnäçe mümkinçilik bar. Hem resmi hem-de resmi bolmadyk duşuşyklary geçirip bolýar.

Meselem, dekabryň başynda Kiýewde ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň ýyllyk maslahaty geçiriler. Bu ÝHHG-niň karar çykaryjy möhüm organydyr. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, şu sapar hem Türkmenistanyň hökümetiniň resmi toparynyň bu maslahata gatnaşmagyna garaşylýar. Soň, fewral aýynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sessiýasy geçiriler. Şeýle-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi ýylyň dowamynda birnäçe maslahatyny geçirýär.

Türkmen häkimiýetleri islän ýagdaýynda biz bilen hut şu agzalan halkara çäreleriniň çäginde duşuşyp bilerdi. Biz Türkmenistana barmaga-da taýýar. Türkmen häkimiýetlerine eden ýüzlenmämizde biz resmi Aşgabat üçin amatly wagtda duşuşmaga we göni dialoga başlamaga taýýardygymyzy mälim etdik.

Azatlyk Radiosy: Ýuriý “Olary diri görkeziň” atly kampaniýaňyzyň takyk maksady näme?

Ýuriý Jibladze: Kampaniýanyň maksady Türkmenistanyň türmelerinde gaýyp bolan adamlar barada maglumat berilmegini gazanmak. Biz bu kampaniýa ynsanperwer aksiýa hökmünde garaýarys. Sebäbi şol adamlaryň tussag edilmegine on ýyldan gowrak wagt geçdi, emma olaryň ykbaly barada düýpden habar ýok. Olaryň garyndaşlary örän gynanýarlar. Olaryň öz ýakyn hossarlary barada maglumat alyp bilmän çekýän jebrine, biz gynama hökmünde seredýäris.

2002-2003-nji ýyllarda 10 ýyl möhletli iş kesilip, tussag edilenleriň käbirleriniň eýýäm tussaglyk möhleti dolup, olar boşadylyp başlanmalydy, emma olaryň garyndaşlaryna ýa düýpden hiç zat aýdylmaýar, ýa-da tussaglykdakylaryň türme möhletiniň uzaldylandygy barada maglumat berilýär.

Şonuň üçin häzirki wagtda biziň esasy maksadymyz syýasy ýa-da ýuridiki häsiýete eýe bolman, türkmen häkimiýetlerinden tussaglaryň ykbaly, olaryň saglyk ýagdaýy barada maglumat almakdan ybarat. Biz käbir tussaglaryň aradan çykan bolmagyny hem çak edýäris. Şonuň üçin biz hakykaty bilmek isleýäris.

Biziň maksadymyz diňe bir tussaglara, olaryň garyndaşlaryna ýardam bermek bilen çäklenmeýär. Biz, bu geň görünýän bolsa-da, türkmen häkimiýetlerine-de ýardam bermek, ýagny olara miras galan jogapkärçilikden saplanmaga mümkinçilik döretmek isleýäris. Ýagny, “Olary diri görkeziň” atly kampaniýamyz türkmen häkimiýetleri üçin köne režimiň totalitar mirasyndan saplanmak üçin şans bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Siz agzan maksatlaryňyza ýetmek üçin nähili mehanizmleri, gurallary ulanmakçy bolýarsyňyz?

Ýuriý Jibladze: Bu ýerde birnäçe ugurdan hereket etmek mümkin. Birinjiden, türkmen häkimiýetlerine göni ýüzlenip, dialoga başlamak boýunça teklip etmegi göz öňünde tutýarys. Biz şeýle teklip bilen eýýäm ýüzlendik. Biz tussaglaryň problemasyny halkara guramalaryň hasabatlary arkaly umumy görnüşde gozgamak bilen çäklenmän, meselä göni girişmek we gönüden-göni gepleşmek isleýäris.

Munuň başda agyryly mesele hökmünde kynlyk bilen garşy alynmagy mümkin, emma biz türkmen häkimiýetlerine açyk aýtmak isleýäris, biz hem tussaglara, hem olaryň hossarlaryna, hem-de türkmen häkimiýetlerine ýardam bermek isleýäris. Şeýlelikde biziň göz öňünde tutýan ugurlarymyzyň biri - biziň türkmen häkimiýetleri bilen göni gepleşip, olar üçin syýasy oňaýsyzlyklary döretmek däl-de, takyk netijeleri gazanmak isleýändigimizi habar bermekden ybarat.

Ikinjiden, problema türkmen häkimiýetleriniň adamzada mahsus umumy gumanitar prinsipleri berjaý edip-etmeýändigi bilen çäklenmeýär. Bu ýerde Türkmenistanyň hem halkara borçnamalaryny, hem-de öz milli kanunlaryny berjaý etmegi barada hem gürrüň gidýär. 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilenler babatynda aýdylanda, kanunlar gödek bozulypdy. Derňewleriň hem suduň geçirilişi, tussaglar babatynda maglumatyň berilmezligi, olaryň ýanyna garyndaşlarynyň we aklawçylaryň goýberilmezligi kanunlara ters gelýär.

Şeýlelikde biz Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini gazanmak üçin bar bolan gurallary ulanmak boýunça tagallalarymyza hem täzeden bat bereris. Bu ýerde BMG-niň uniwersal döwürleýin synynyň çäginde türkmen häkimiýetleriniň ýakynda öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmegini hem talap etmek mümkin.

Şu ýyl Türkmenistanyň häkimiýetleri BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň Ženewada geçirilen maslahatynda birnäçe rekomendasiýalary meýletin ýerine ýetirmegi öz boýnuna aldylar, Türkmenistan şol sanda, ýurduň milli kanunlaryna görä, tussaglaryň her biriniň öz ýakynlary bilen habarlaşmaga we duşuşmaga haklydygyny tassyklady.

Şeýle-de, ÝHHG Türkmenistanda syýasy tussaglaryň ykbaly bilen bagly mundan 10 ýyl ozal aladalanma bildirip, “Moskwa mehanizminiň” çäginde Türkmenistandaky ýagdaýlara degişli jikme-jik hasabat taýýarlapdy. 2003-nji ýylyň tomsunda köpçülige mälim edilen bu hasabaty fransiýaly abraýly ýurist professor Emanuel Deko taýýarlady. Şol hasabatda ýagdaýlara analiz bermekden daşgary türkmen häkimiýetlerine rekomendasiýalar hem edilýär. Emma şondan bäri meselä üns gowşapdy. Şu günki gün biz öz başlan kampaniýamyzyň çägindäki tagallalar bilen ÝHHG-niň şol inisiatiwasynyň hem gaýtadan janlanmagyny gazanmak isleýäris.

Şeýlelikde biz “Moskwa mehanizmini” janlandyrmak we 2002-2003-nji ýyldan bäri türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlaryň ykbalyna we Türkmenistan boýunça 2003-nji ýylyň hasabatyna ÝHHG-niň we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni güýçlendirmek isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Ýuriý, siziň hem guramaňyzyň gatnaşmagynda alnyp barylýan kampaniýanyň gidişinde nähili kynçylyklar bar?

Ýuriý Jibladze: Gynansak-da, kynçylyklar az däl. Esasy kynçylyk 11 ýyla golaý wagt bäri, ýagny tussaglara höküm çykarylaly bäri türkmen häkimiýetleri [bu problema boýunça] halkara jemgyýetçiligi we graždan jemgyýetçiligi bilen dialogdan saklanýarlar.

Olaryň problema bolan gatnaşygyny üýtgetmek, belki-de, iň esasy meseledir. Türkmen häkimiýetleri syýasy tussaglar meselesiniň çözülmeginiň özleriniň-de, häkimiýet başyndaky ýolbaşçylaryň-da diňe peýdasyna boljagyna göz ýetirmeli. Olar şol pajygaly mirasdan saplanmak we adamlara bolan garaýşyny üýtgetmek arkaly halkara derejesinde ýurduň abraýyny artdyryp bilerler. Netijede bu dürli ugurlardan, ilkinji nobatda-da ykdysady we energiýa ugurlardan hyzmatdaşlygyň ösmegine-de ýol açyp, ýurda bähbit getirer.

Ikinjiden, biziň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarymyz adamlaryň gorkusy bilen bagly. Biz 2002-nji ýylyň noýabr aýynda bolan wakalar we şondan soň ýüze çykan ýagdaýlar barada jikme-jik maglumat toplamaga synanyşýarys. Hut şu iş gaty agyr geçýär, sebäbi adamlar henize çenli örän gorkýarlar.

Şeýlelikde 25-nji noýabr wakalary bir wagtlar bolan ýagdaý däl-de, şu güne çenli dowam edýän tragediýadyr. Şonuň üçin biz maglumat toplamak bilen bir wagtda adamlaryň howpsuzlygyna wehim salmazlyk üçin hem örän seresaply hereket etmeli bolýarys. Adamlaryň howpsuzlygy biz üçin iň esasy mesele.

Üçünji kynçylyk, dürli ýurtlaryň hökümetleriniň şonça ýylyň dowamynda Türkmenistandaky problema ýeterlik üns bermändikleri bilen bagly. Biziň maksadymyz halkara jemgyýetçiliginiň öz tagallalaryny birikdirip, Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň çäginde we ikitaraplaýyn gepleşiklerde problemany gozgap durmagyny gazanmakdyr.

Gynansak-da, şu günki gün dünýäde ykdysady we geosyýasy maksatlar käte adam hukuklaryndan ileri tutulýar. Adam hukuklaryny goraýjylar we biziň kampaniýamyz bu ugurda emele gelen oňaýsyz balansy üýtgetmegi we döwletleriň daşary syýasatynda adam hukuklarynyň syýasy we ykdysady bähbitlerden ileri tutulmagyny gazanmagy özlerine maksat edinýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG