Sepleriň elýeterliligi

Hallyýew: "Özbeklere ýokary wezipe ynanylanok"


Türkmenistanyň hökümet ýygnaklarynyň biri

Türkmenistanyň hökümet ýygnaklarynyň biri

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen duşenbe güni Özbegistana bardy. Ol bu saparynyň dowamynda iki ýurduň aragatnaşygyny berkitmek we onuň ýollary barada özbek resmileri bilen pikir alyşar.

Gepleşiklerde gürrüňi edilmegine o diýen garaşylmaýan temalardan biri Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň öz ene dilinde bilim almak we olaryň ýokary okuw jaýlaryna girmek meselesindäki bökdençlikleridir.

Türkmenistandan gelip gowşan maglumatlarda ýurtda ýaşaýan käbir etniki özbek okuwçylar ýokary okuw jaýyna ýerleşmek meselesinde käbir aladalarynyň bardygyny aýdýarlar.

Eýsem, etniki özbek okuwçylary ýokary okuw jaýlaryna girmek meselesinde alada goýýan sebäpler näme? Şeýle-de, olaryň iş bilen üpjünçiligi nähili?

Azatlyk Radiosy bu soraglaryň jogaby bilen gyzyklanyp, Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG