Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran “Ženewa-2”-ä gatnaşmak isleýär


Eýranyň daşary işler ministri çykyş edip, eger-de soralsa, öz ýurdunyň Ženewada geçiriljek Siriýa boýunça parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Mohammad Jawad Zarif 22-nji ýanwarda geçmeli “Ženewa-2” diýlip atlandyrylýan gepleşiklere gatnaşmak üçin, Tähranyň hiç hili şertleri öňde goýmaýandygyny hem belläp geçdi.

Russiýa bu gepleşiklere Eýranyň hem gatnaşmagyny gazanjak bolýardy. Şol bir wagtda, Siriýanyň oppozisiýasy we Günbatar Tähranyň bu gepleşiklerde bolmagyny goldamaýarlar.

Bu aralykda, “Siriýanyň azat armiýasy” toparynyň ýolbaşçysy özüne ygrarly toparlaryň konferensiýa gatnaşman, söweşmegi dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius gepleşiklere prezident Başar al-Assadyň we radikal yslamçy toparlarynyň hem goşulmajakdygyny mälim etdi.

Siriýada 2011-nji ýylyň martynda başlanan graždançylyk urşunda 100 müňden gowrak adam öldi, millionlarçasy hem bosgun bolup, goňşy ýurtlara göçdi.
XS
SM
MD
LG