Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky konflikt Yraga “täsir edýär”


BMG-niň Yrakdaky wekiliniň sözlerine görä, goňşy Siriýdaky konflikt Yrakda terrorizmiň we mezhebara dawalaryň möwjemegine sebäp bolýar.

Nikolaý Mladenow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş edip, Yrakda “durnuklylygy gazanmak üçin” Siriýadaky konfliktiň çözülmegi we ekstremizme göreşmek üçin regional strategiýanyň işlenip düzülmegi “möhüm” diýip, kesgitledi.

Bolgariýanyň ozalky daşary işler ministri konflikt sebäpli Yraga 200 müňden gowrak bosgunyň gelendigini aýtdy. Ol Yrakda ýaragly ekstremist toparlarynyň mezhebara dawany tutaşdyrmakçy bolýandyklaryny hem belledi.

BMG-niň maglumatyna görä, Yrakda iýuldan oktýabr aýyna çenli 9 müň töweregi adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG