Sepleriň elýeterliligi

Ahmadinejad suda gelmedi


Eýranyň ozalky prezidenti Mahmud Ahmadinejad ýurduň jenaýat suduna gelmedi. Oňa prezidentlik eden döwri bilen ilteşikli dokuz aýyplama bildirilýär.

Ahmadinejad sişenbe güni geçirilýän deslapky suň diňlenişigine gelmeli edilipdi. Ahmadinejadyň gelmändigi sebäpli, sudýa diňlenşigi onsuz başlamak barada karar çykardy.

Ahmadinejada Ýaşlar we sport ministrliginiň işindäki bökdençlikler, Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň düzümini özgertmezlik ýaly aýyplamalar ýöňkelýär.

Ahmadinejad 2005-2013-nji ýyllar aralygynda Eýrana prezidentlik edipdi.
XS
SM
MD
LG