Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Regionyň howpsuzlygyna garaldy


Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Berdymuhamedow (ç) we Karimow (s)

Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Berdymuhamedow (ç) we Karimow (s)

25-nji noýabrda Daşkentde bolan türkmen-özbek gepleşikleriniň netijesinde gol çekilen dokumentleriň arasynda syýahat, söwda, gumanitar ugurlardan hyzmatdaşlyk boýunça gelnen ylalaşyklar bilen bir hatarda informasiýa alyş-çalşygy, bikanun ýol bilen toplanan maliýe serişdeleriniň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de bu ugurda hereket etmek boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrmak barada hem resmi derejede ylalaşyldy.

Resmi maglumatlara görä, iki ýurduň döwlet baştutanlary ikiçäk geçiren maslahatlarynyň yzysüre gozgalan esasy meseleleriň arasynda regional howpsuzlyga hem Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berlendigini aýan etdiler.

Azatlyk Radiosy Daşkentde geçirilen türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri barada Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Gazagystanda ýerleşýän ”Jemgyýetçilik problemalarynyň analiz merkeziniň” müdiri Miruet Mahmudowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Daşkentde geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinde regional howpsuzlygy meselesine aýratyn üns berilmegi näme bilen bagly diýip hasap edýärsiňiz?

Miruet Mahmudowa: Howpsuzlyk meselesi umuman tutuş regionyň öňünde duran problemadyr. Şonuň üçin Türkmenistan ýaly ýapyk ýurduň howpsuzlyk meselesine ünsi güýçlendirip, regionyň öňünde duran howplara garşy [bilelikde] göreşmek üçin öz goňşulary bilen hyzmatdaşlyga ýykgyn edip başlamagy şu günki ýagdaýlara laýyk gelýän hereketdir.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Özbegistan bilelikde nähili howplara garşy göreşip bilerler?

Miruet Mahmudowa: Birinjiden, goňşy Owganystan neşe önümçiliginiň çeşmesi bolup durýar. Bu problema diňe bir Merkezi Aziýa däl-de, tutuş dünýä hem howp salýar.

Ikinjiden 2014-nji ýylda halkara goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy hut Merkezi Aziýa regiony üçin ýene birnäçe howply ýagdaýlary döredýär. Ilkinji nobatda bu terrorçylyk howpunyň regiona ýaýbaňlanmagyna degişlidir. Şeýlelikde regionyň döwletleri üçin howpsuzlyk ugrunda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek meselesiniň ähmiýeti gitdigiçe artýar.

Azatlyk Radiosy: Howpsuzlygy üpjün etmek ugrundan hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistan we Özbegistan nähili takyk çäreleri amala aşyryp bilerdi?

Miruet Mahmudowa: Döwletleriň bu meselede bir-birine garanda daşky dünýä bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu diňe bir Türkmenistanyň Özbegistan bilen gatnaşyklaryna degişli bolman, tutuş Merkezi Aziýada ýurtlaryň ählisiniň özara gatnaşyklaryna degişlidir. Bu regional döwletleriň iň gowşak tarapydyr.

Şol bir wagtda-da ýurtlar köp ugurlardan, şol sanda maliýe we ykdysady taýdan hyzmatdaşlygyny artdyrmak arkaly howpsuzlyk problemasyna hem çözgüt tapyp bilerdi. Sebäbi, aýdaly, hatda regionyň ilatynyň gazanjyň gözleginde ýurtdan-ýurda göçüp ýörmegi-de howpsuzlyk problemasyny agyrlaşdyrýar.

Howpsuzlyk meselesi ykdysady, maliýe we sosial problemalar bilen gös-göni bagly. Aslyýetinde ilatyň garyplygy-da ýurduň howpsuzlygyny gowşadýar. Sebäbi ilatyň garyplygy terrorçylygyň tutaşmagy üçin amatly şert döredýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ilatynyň ýurtlaryň arasyndaky serhetden geçmek kynçylyklary uzak wagt bäri dowam edýän iň agyryly meseleleriň biri. Emma näme üçindir ençeme ýyl bäri hut şu mesele ýokary derejede gozgalman gelýär, gozgalsa-da, bu barada köpçülige mälim edilmeýär. Munuň näme sebäbi bolup biler?

Miruet Mahmudowa: Umuman, serhetlere degişli problema bomba ýaly bir meseledir. Onuň gozgalmagy ýene-de ençeme dürli problemalary orta çykarýar. Şonuň üçin, bu syýasy taýdan ynjyk bir mesele bolansoň, onuň köpçülik derejesinde gozgalmaýan bolmagy mümkin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG