Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakiýewiň dogany gaýybana sud edildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad regionynyň sudy öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň dogany Janyş Bakiýewi ömürlik türme tussaglygyna gaýybana höküm etdi.

Çarşenbe güni Suzak etrap sudy Janyş Bakiýewi 2005-nji ýyldaky köpçülikleýin bidüzgünçilikler döwründe bankyň puluny ogurlamakda günäli tapdy. Şol bidüzgünçiliklerde prezident Askar Akaýew häkimiýetden agdarylyp, onuň ýerine Kurmanbek Bakiýew geçipdi.

Hakykatda sud Janyş Bakiýewi gürrüňi edilýän jenaýaty üçin 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ýöne sud Bakiýewiň 2009-njy ýyldaky syýasy öldürmelere gatnaşmakda aýyplanyp, fewral aýynda ömürlik türme tussaglygyna gaýybana höküm edilendigini nazara alyp, ony ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Janyş Bakiýew 2010-njy ýylda bolan hökümete garşy köpçülikleýin demonstrasiýalardan soň, ýurdy terk edipdi. Onuň häzirki wagt nirededigi barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG