Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew ÝB bilen gyzyklanýar


Ukrainanyň premýer-ministri Mikola Azarow Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmak baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy. Ol bu çäräniň ýurduň hökümetiniň şu hepdäniň ahyrynda Wilniusda geçiriljek Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde şertnama gol goýmazlyk barada karara gelendigine garamazdan dowam edýändigini belledi.

Azarowyň çarşenbe güni hökümet ýygnagyndaky bu çykyşy ýüzlerçe protestçiniň Kiýewiň hökümet binasynyň öňünde dört günläp oturyp protest geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Protestçiler prezident Wiktor Ýanukowiçiň yza dänmegini we ylalaşyga gol goýmagyny talap edýärler.

Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýulmagynyň tarapdary protestçiler şu gün irden paýtagtdaky esasy Garaşsyzlyk meýdançasyna ornaşmak üçin, iki kiçi meýdançadaky çadyrlaryny sökdüler.

Beýleki tarapdan, tussaglykdaky öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko protestçileri goldamak üçin açlyk girewini dowam etdirýär. Timoşenkonyň gyzy Ýewgeniýa ejeseiniň soňky iki günden bäri suwdan başga hiç zat iýmeýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG