Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Armiýa başlyk saýlandy


Pakistanda general-leýtenant Rahil Şarifiň ýurduň armiýasynyň täze başlygy saýlanandygy habar berilýär.

Goranmak ministrliginiň resmileri çarşenbe güni premýer-ministr Nawaz Şarifiň käri boýunça pyýada goşun ofiserini ýurduň Armiýasynyň täze başlygy hökmünde belländigini we bu karary prezident Mamnun Hussainiň tassyklandygyny aýtdylar.

Muňa garamazdan, bu karar henize çenli resmi taýdan yglan edilmedi. Şarif alty ýyl gürrüňi edilýän wezipede işlän Aşfak Parwez Kaýaniniň ýerine geçer.

Pakistanda Armiýanyň başlygy bolmaklyk ýadro ýaragly ýurduň iň täsirli adamy hasaplanylýar. Pakistanyň 65 ýyllyk taryhynyň ýarysyndan gowragynda ýurdy harbylar dolandyrdy.
XS
SM
MD
LG