Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: ABŞ-nyň dronlary görüldi


Hytaýyň Goranmak ministrligi hytaý güýçleri Birleşen Ştatlaryň adamsyz uçarlarynyň Gündogar Hytaý deňizindäki adalaryň üstünden uçanyny gördi diýýär. Bu adalar Hytaý we Birleşen Ştatlaryň ýarany Ýaponiýanyň arasyndaky dawaly territoriýadyr.

Birleşen Ştatlaryň harbylary gürrüňi edilýän territoriýa barada Hytaýyň täze howa giňişligi gorag zonasy deklarasiýasyna garamazdan, sişenbe güni B-52 bombalaýjy uçarlary bilen uçuşy amala aşyrdylar.

Waşington bu uçuşlaryň amala aşyryljakdygy barada Hytaýa öňünden maglumat bermedi. Gürrüňi edilýän bu uçuşlary Birleşen Ştatlary türgenleşik missiýalary diýip häsiýetlendirdi.

Ýaponiýa bu adalarda öz administratiw kontrollygynyň bardygyny öňe sürýär. Ak tam Hytaýyň howa giňişligi deklarasiýasyny “gereksiz serişde” diýip häsiýetlendiripdi.
XS
SM
MD
LG