Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl: Üç söweşiji öldürildi


Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Günbatar kenarda palestinaly söweşiji diýilip güman edilýän üç adamy öldürdiler. Bu barada Ysraýylyň howpsuzlyk resmileri habar berýär.

Ysraýylyň resmileri öldürlen üç adamyň "Al-Kaýda" bilen ilteşiginiň bardygyny aýdýarlar. Olar gürrüňi edilýän üç adamyň Ysraýyly nyşana alýan hüjümleri planlaşdyrmagyndan şübhe edilýändigini aýtdylar.

“Şin Bet” howpsuzlyk gullugynyň maglumatyna görä, sişenbe güni üç adamyň ikisi howpsuzlyk güýçleri olaryň ulagyna ot açanda öldürilipdir.

Ýurduň resmileri ulagda partladyjy serişdeleri we iki ýaragy ele salypdyrlar. Adamlaryň üçünjisiniň bir salym soň howpsuzlyk güýçleri bilen bolan ok atyşykda öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG