Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Aşa dinçiler tussag edildi


Russiýanyň resmileri Moskwada 14 radikal yslamçylary tussag edendiklerini habar berýärler. Içeri işler ministrliginiň aýtmagyna görä, resmiler “Takfir wal-Hijra” toparynyň agzalarynyň ýaşaýyş jaýlarynda ýaraglary we partladyjy serişdeleri gizlin saklandyklaryny äşgär edipdirler.

Ministrligiň maglumatynda toparyň öz işlerini “umumy jenaýatlary gurnamagyň” netijesinde maliýeleşdirýändigi habar berilýär.

“Takfir wal-Hijra” topary 1960-njy ýyllarda Müsürde döredildi we 2010-nji ýylda Russiýada bikanun yglan edildi. Toparyň Ýewropadaky birnäçe ýurtlarda we beýleki ýerlerde "Al-Kaýda" bilen arabaglanyşygynyň bardygy aýdylýar.

Russiýa fewral aýynda Soçi şäherinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna berk taýýarlyk çärelerini dowam etdirýär. Soçi şäheri Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionynyň golaýynda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG