Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlaryň toý çykdaýjylary


Aşgabatdaky "Bagt köşgüniň" içi. 25-nji noýabr, 2013 ý.
Aşgabatdaky "Bagt köşgüniň" içi. 25-nji noýabr, 2013 ý.
27-nji noýabrda Lebap welaýatynda “Bagt köşgi” açyldy. Şeýle köşkler eýýäm beýleki welaýatlarda açylyp, ulanylyşa hem berildi. Olaryň ilkinjisi 2011-nji ýylda Aşgabatda açylypdy.

Ýakynda habarçymyz Aşgabatdaky şol “Bagt köşgüne” aýlanyp, ol ýerde gurnalýan toýlaryň çykdajylary bilen gyzyklananda, adaty gurnalýan her toý üçin täze manat bilen ortaça 25 müň manat möçberinde çykdajy edilýändigi barada maglumat aldy.

Öňümizdäki hepde Täze Tolkun gepleşigimizde toýlarda edilýän çykdayjylar, olaryň gün saýyn artmagynyň sebäpleri, oňa ýaşlaryň garaýyşlary hakda söhbet etmekçi. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG