Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Aşgabat-Mary ýoly


Häzirki wagt Aşgabat-Mary ýolunyň paýtagtdan Ýaşlyga çenli bölegi abadanlaşdyrylypdyr. Bu iş şu ýyl Nowruz baýramyna gabatlanyp tamamlanypdyr. Şeýlede täze ýol hem gurulýar. Ol häzirki ýoldan günortada, daga golaýda gurulýar. Bu gurulýan ýol häzir Artyga çenli ýetipdir. Täze gurulýan ýoldan gatnaw gadagandygyna garamazdan bu ýoldan Aşgabatdan Mara gatnaýan hususy taksileriň gatnaýandygy aýdylýar. Aşgabat-Mary ýolunyň ugrundaky köprilerem täze gurulýar. Olaryň käbirleriniň gurluşygy tamamlanypdyr, käbirleriniňki bolsa dowam edýär. Şeýle-de, Aşgabatdan Tejene çenli hem ýol gurluşygynyň alnyp barylýan bölekleri bar. Ýöne şol gurluşyklaryň öňden bäri alnyp barylýandygyny käwagt janlanyp käwagt bolsa asla gurluşyk alnyp barylmaýandygy aýdylýar. Umuman käbir ýerleri başlanyp taşlanana meňzeýär. Aşgabat-Mary ýolundaky ýol gurluşyklaryň köpüsi täze gurulýan köprüleriň töwereklerinde alnyp barylýar. Bu ýoluň Aksuwdan geçensoň awtobus duralgasyndan 2 kilometr uzaklykdaky ýerde köp awariýa bolýar diýip aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG