Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Partlamada üç adam öldi


Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda iki sany bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan üç asuda raýat öldi we 10 sanysy hem ýaralandy. Bu barada owgan resmileri habar berýär.

Welaýatyň Açin etrabynyň ýolbaşçysy Rahman Momandyň sözlerine görä, partlama penşenbe güni ýüze çykypdyr. Ol bombalaryň biriniň ulagda, beýlekisiniň bolsa ýoluň kenaryna düşelmegi netijesinde partladylandygyny sözüne goşdy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Söweşijiler tarapyndan ýoluň kenaryna düşelen bombalar owgan raýatlarynyň heläk bolmagyna sebäp bolýan esasy sebäpleriň biridir.
XS
SM
MD
LG