Sepleriň elýeterliligi

Taýland: Protestçiler togy kesdiler


Taýlandda hökümete garşy protestçiler ýurduň baş polisiýa merkeziniň we Bankogyň golaýyndaky keselhananyň elektrik energiýasyny kesdiler.

Penşenbe güni irden premýer-ministr Ýingluk Şinawatra protestleri bes etmegi üçin demonstrantlara çagyryş etdi. Ýingluk telewideniýede eden çykyşynda protestleriň ykdysadyýete täsir ýetirip biljekdigini aýtdy.

Demonstrantlar hökümetiň häkimiýetden aýrylmagy üçin ýekşenbe gününden bäri, ministrliklere we döwlet edaralaryna tarap ýöriş geçirýärler. Protestler umuman parahatçylykly ýagdaýda geçirilýär.

Demonstrantlar hökümetiň Ýinglukyň häkimiýetden çetleşdirilen dogany öňki lider Taksin Şinawatra tarapyndan dolandyrylýandygyny aýdýarlar. 2010-njy ýylda Taksiniň müňlerçe goldawçysy Bankogyň esasy böleklerini iki aýlap gabawa alypdy.
XS
SM
MD
LG