Sepleriň elýeterliligi

Öňki rus ministirine iş gozgaldy


Russiýanyň derňewçileri ýurduň öňki goranmak ministri Anatoliý Serdýukowyň garşysyna jenaýat işini gozgadylar. Derňew komiteti penşenbe güni Serdýukowy wezipe borçlaryna biperwaý çemeleşmekde aýyplady.

Ol daçasyna barýan ýoly gurmak we ol ýerde abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin hökümetiň fondundan we esgerleriň zähmet güýjünden peýdalanmakda aýyplandy.

Maglumatlara görä, gürrüňi edilýän daça şol döwür Serdýukowyň körekenine degişli ekeni. Öňki goranmak ministriň amala aşyran bu çäreleriniň 1,6 million amerikan dollaryna barabar bolandygy aýdylýar.

Serdýukow gürrüňi edilýän aýyplamalar esasynda günäli tapylsa, üç aýa çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilner. Serdýukow 2007-nji ýylda goranmak ministr wezipesinde işläp başlamazdan ozal, Russiýanyň salgyt gullugynda işleýärdi. Ol korrupsiýa bilen ilteşikli skandallaryň netijesinde mundan 1 ýyl ozal wezipesinden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG