Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Hökümet, oppozisiýa gepleşiklere gatnaşar


Siriýanyň hökümeti we Günbataryň goldaýan oppozision koalisiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.

Muňa garamazdan, iki tarap hem gepleşikleriň maksady barada düýbünden dürli pozisiýalary mälim etmäge dowam edýärler. Gürrüňi edilýän bu gepleşikleriň 22-nji ýanwarda Ženewada başlanmagyna garaşylýar.

Premýer-ministr Wael al-Halki hökümetiň delegasiýalary häkimiýeti bermek üçin Ženewa gitmezler diýdi. Ol gepleşiklerde diňe syýasy çözgüt tapmagy maslahat etjekdigini sözüne goşdy.

Siriýanyň milli oppozisiýa toparynyň lideri Ahmad Jarba bolsa habar gulluklaryna beren maglumatynda Ženewadaky duşuşyklary prezident Başar al-Assadsyz demokratik hökümete geçişiň ýola goýluşy hökmünde görýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG