Sepleriň elýeterliligi

Watandan aýyrýan sebäpler


Ýüzüni eli bilen ýapyp duran adam

Ýüzüni eli bilen ýapyp duran adam

Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz «Bir aýralyk, bir ölüm, hiçisi bolmasady» diýipdiler. Mundan başga, türkmenleriň arasynda «Müsürde şa bolandan Kenganda geda bol» diýen nakylam ýörgünli. Emma soňky ýyllarda, Türkmenistan garaşsyz bolandan soň, dürli sebäpler esasynda daşry ýurtlara çykyp giden we yzyna gelmeýän, ýa gelip bilmeýän türkmenler barada hem kän eşidilýär.

Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» programmasy nobatdaky sanynda şu tema, watandan aýrylmagyň sebäplerine ýüzlenmegi makul bildi. Sebäbi watandan her hili aýrylmak bar. Eger gidip, okap, işläp, dynç alyp bilýän bolsaň, ýa belli bir wagt daşary ýurtlarda ýaşap, soň dolanjak bolsaň, bu kadaly zat. Emma käbir türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda kyn ýagdaýa düşüp, yza gaýdyp bilmeýän, ýa yzyna gaýtsa has kyn ýagdaýa düşmekden çekinýän halatlatry hem bar.

Eger soňky 22 ýylda Türkmenistanda çykyp, soň yzyna gitmedik, ýa gidip, ýene daşary ýurda gaýdan, başga ýurdy watan edinen türkmenistanlylar öz «sebäplerini» gürrüň berseler, adamlaryň müňläp ýurduny terk etmegine sebäp bolýan syýasy, ykdysady, medeni-sosial sebäpler baradaky pikirlerini bilýän faktlaryny paýlaşsalar, olaryň bu sosial meseläniň köklerini açmaga uly kömek etdikleri bolardy.

Eger-de siz hem watany terk etmeli bolan bolsaňyz ýa-da şeýle ýagdaýy başyndan geçirenler hakda bilýän maglumatlaryňyz bolsa, öz pikirleriňizi şu ýerde paýlaşyp bilersiňiz.

Pikirlerňize, bellikleriňize, teklipleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG