Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýussel Kiýewiň kararyna gynanýar


Stefan Fuele, ÝB-niň giňeliş komissary
Stefan Fuele, ÝB-niň giňeliş komissary
Brýussel Kiýewiň Wilnýusdaky Gündogar hyzmatdaşlygy sammitinde ÝB bilen assosiasiýa şertnamasyna gol çekmezlik barada karara gelmegine gananandygyny aýdýar.

ÝB-niň giňeliş komissary Stefan Fuele penşebe güni Wilnýusda geçirilen raýat jemgyýeti konferensiýasynda şeýle diýdi:

"Men bu karara gynanýan. Bu Ukraina ýatyrylýan göni daşary ýurt maýasynyň azalmak tendensiýasyny yzyna dolap, Halkara pul fondy bilen täze ykdysady programmalar baradaky gepleşiklere itergi berjek özboluşly mümkinçilikdi. Indi assosiasiýa şertnamasynyň Ukraina we onuň raýatlaryna berip biljek döwrebaplaşdyrma we maýa goýum mümkinçilikleri gijiger."

Emma Fuele eger Ukriana özüniň ÝB bilen syýasy assosiasiýa we ykdysady integrasiýa ýoluny dikeltmeklige taýýar bolsa, Brýusseliň assosiasiýa şertnamasyna gol çekmek taýýarlagyny dikeltmäge taýýar boljagyny aýtdy.

ÝB-niň başga bir wekili, Ýewropa parlamentiniň ozalky prezidenti we Ukrainadaky Koks-Kwaşniýewskiý missiýasynyň agzasy Pat Koks bolsa, Moskwa Kiýewe şu hepde bu şertnama gol çekmezligi üçin basyş etdi we bu ýagdaý Orsýetiň öz goňşy döwletleriniň özygtyýarlylygyna goýýan hormaty babatda sorag döretdi diýdi.


Post-sowet ýurtlary we ÝB

ÝB-niň resmileri penşenbe güni giçlik açylýan Gündogar sammitiniň öňüsyrasynda, resmi nahar wagtynda, ÝB-niň we hyzmatdaşlyk programmalaryna gatnaşýan post-sowet ýurtlarynyň altysynyň resmileriniň gatnaşmagynda pikir alyşdylar.

Bu alty döwlet Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gürjüstan, Moldowa we Ukraina.

Wilnýusdaky duşuşyk, ÝB-niň Gündogar hyzmatdaşlygy programmasynyň üçünji sammiti 2009-nji ýylda geçirilip başlandy we anna güni hem dowam edýär.

Ýygnanyşyk mahalynda gatnaşyjylaryň bilelikde bu hyzmatdaşlygyň ähmiýetini gaýtadan tassyk edýän jarnama gol çekmeklerine garaşylýar.

Bu hyzmatdaşlyk alty Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz döwletine, assosiasiýa we azat söwda şertnamalary arkaly, eger olar belli bir şertleri kabul etseler, ÝB bilen ýakyn ykdysady integrasiýa mümkinçiliklerini teklip edýär.

Bu şertler korrupsiýa hem-de jenaýatçylyga garşy göreşi we ÝB ölçeglerine gabat gelýän durnukly demokratiýa, kanun, sud we ykdysadyýet sistemalaryny gurmakdan ybarat.

Ukrainanyň bu sammitde ÝB bilen assosiasiýa şertnamasyna gol çekmezlik baradaky karary Gündogar hyzmatdaşlyk programmasynyň alty döwletiň birinjisi bilen şeýle ylalaşyga gelmek umydyna urlan çynlakaý bir zarba boldy.

Gürjüstan bilen Moldowanyň karary

Emma muňa garamazdan, sammitde Gürjüstan bilen Moldowanyň ÝB bilen başlangyç assosiasiýa şertnamasyny baglaşmagyna garaşylýar. Bu biraz soň iki tarapyň hem şeýle şertnama gol çekişmäge taýýar bolmagy niýet edinýändigini, ýagny bu ideýany goldaýandygyny aňladýar.

Ermenistan hem assosiasiýa şertnamasyny baglaşmak ideýasyna gol ýapýardy, emma sentýabr aýynda bu niýetinden dänip, muňa derek Orsýetiň Belarus we Gazagystan bilen döreden Gümrük bileleşigine goşuljagyny aýtdy.

Sammitde Azerbaýjanyň Brýussel bilen wiza ýeňillikleri baradaky şertnama gol çekişmegine garaşylýar, bu şertnama geljekde azeri raýatlarynyň ÝB ýurtlaryna wiza almak mümkinçiliklerini çaltlandyrmaly.

Belarus Gündogar hyzmatdaşlygynyň çägindäki syýasy reformalara o diýen gyzyklanma bildirmedi we bu Bileleşik bilen has ýakynlaşmaga derek ÝB-niň sanksiýalarynyň subýektine öwrüldi.
XS
SM
MD
LG