Sepleriň elýeterliligi

Brýussel Kiýewiň kararyna gynanýar


Brýussel Ukrainanyň Wilnýusda geçiriljek Gündogar hyzmatdaşlygy sammitinde Ýewropa Bileleşigi bilen assosasiýa ylalaşygyna gol goýmazlyk barada gelen kararyna gynanýandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň giňemek boýunça komissary Stefan Fýule penşenbe güni Wilnýusda geçirilen raýat jemgyýeti konferensiýasynda Kiýew "Ukraina ýatyrylýan göni daşary ýurt maýasynyň azalmak tendensiýasyny yzyna dolap, Halkara pul fondy bilen täze ykdysady programmalar baradaky gepleşiklere itergi berjek özboluşly mümkinçiligi" elden gidirýär diýýär.

Şeýle-de, ol assosasiýa şertnamasynyň Ukraina we onuň raýatlaryna berip biljek döwrebaplaşdyrma we maýa goýum mümkinçilikleriň hem gijikjekdigini sözüne goşdy.

Ol bu barada penşenbe güni giçlik ÝB-niň we Gündogar hyzmatdaşlygy programmasynyň düzümindäki öňki sowet döwletleriniň altysynyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda geçirilýän sammitiň öň ýanynda belläp geçdi.

Şol alty döwletiň arasynda Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gürjüstan, Moldawa we Ukraina bar.
XS
SM
MD
LG